Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kopenhagende geçjek klimat sammitine gatnaşar


Günbatar metbugaty Ak tamyň adyny aýtmadyk resmisine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň gelýän aý global klimat sammitine gatnaşmak üçin Kopenhagene gitjegini ýazýar.

Ol resmi prezidentiň Kopenhagene 9-njy dekabrda barjagyny, soňra bolsa Nobel baýragyny kabul etmek üçin Osla gitjegini aýdýar.

Obamanyň bu sammite gatnaşyp-gatnaşmajagy şu wagta çenli belli däldi.

Bu sammite dünýäniň 65 çemesi ýurdunyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar global maýlama garşy göreşmegiň täze şertnamasyny taýýarlamaly.

Obama Kopenhagen duşuşygynyň maksady diňe syýasy jarnama däl-de, eýsem bada-bat işe girjek şertnama bolmaly diýdi.
XS
SM
MD
LG