Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

El-Baradeý: “Eýran derňewler boýunça hyzmatdaşlyk edenok”


Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýolbaşçysy Eýranyň ýardro ýaragyny döretmäge synanşýandygy bilen bagly geçirilýän derňew boýunça Eýran resmileriniň hyzmatdaşlyk etmeýändigini yglan etdi.

Bu barada şu gün Eýranyň ýadro programmasyna bagyşlanyp Wenada geçirilýän iki günlik maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Muhammet El-Baradeý aýtdy.

Şeýle hem jenap El-Baradeý öz guramasynyň eden teklibine Eýranyň anyk jogap berip bilmeýändigine lapy keç bolandygyny mälim etdi.

Halkara atom agentiginiň ýörite geňeşiniň 35 agzasynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu maslahatda, Eýrany tankytlaýan rezolusiýa babatda ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG