Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň ýokary derejeli harby resmisi wezipesinden çekildi


Germaniýanyň ýokary derejeli harby resmisi Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň ölümine sebäp bolan harby hüjüme dahyllylykda wezipesinden çekildi.

Bu barada Bundestagda geçirilen diňlenşikde Germaniýanyň Goranmak ministri Karl-Teodor Su Guttenberg, ýurduň baş inspektory Wolfgan Şneýderhanyň bolan waka barada degerli maglumatlary ýetirmändigini aýtdy.

Şeýle hem Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmisi Piter Wiçertiň hem wezipesinden çekilendigi habar berilýär.

4-nji sentýabrda Owganystanyň Kunduz welaýatynda talyplar tarapyndan ele salnan iki sany içi ýangyçly awtosisterna NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň howa hüjümi netijesinde partlapdy.

Bu wakada azyndan 100 adamyň heläk bolandygyny, olardan 30-synyň asuda ýaşaýjylardygy barada owgan resmileri maglumat berdi.
XS
SM
MD
LG