Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda adam hukuklary boýunça seminar öz işini dowam etdirýär


Aşgabatda adam hukuklary boýunça halkara kanunçylygyna bagyşlanan 5 günlük seminar öz işini dowam etdirýär.

23-nji noýabrda başlanan bu seminary ÝHHG bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnandygy habar berilýär.

Seminara bu institutyň Halkara kanunçylygy hem-de halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji kursyndan 38 studentiň gatnaşýandygy aýdylýar.

Bu semindarda adam hukuklary bilen bagly sistemalar, dokumentler bilen bagly meselelere, şeýle hem ynsan hukuklaryny goramagyň regional hem milli mehanizimlerine garalýar diýlip, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG