Sepleriň elýeterliligi

Hytaý howa goýberilýän karbon dioksidiň möçberini kemeltmegi wada berdi


Şu gün Hytaý howanyň maýlamagyna täsirini ýetirýän karbon dioksidiň möçberini kemeltmegi wada berdi.

Analitikleriň pikirlerine görä, bu babatda Hytaý bilen ylalaşylan şertlere laýyklykda tebigata ýaramaz täsir edýän bu himiki maddanyň howa goýberilmeginiň ösüş depgininiň azalmagy mümkin.

7-18-nji dekabr aralygynda Kopengagende geçiriljek sammite dünýäniň 65 çemesi ýurdunyň liderleri bilen bir hatarda Hytaýyň lideri Wen Jiabaonyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Olar global maýlama garşy göreşmegiň täze şertnamasyny taýýarlamaly.
XS
SM
MD
LG