Sepleriň elýeterliligi

Tuhbatullin: «Geplemek üçin ähli mümkinçiligi ulanmaly»


Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasy bäş ýaşady. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban düýbi Wenada ýerleşýän toparyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagyň akyl, düşünje kynçylyklary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Sowet Soýuzy ýykylandan soň Türkmenistanda hem adam hukuklary barada başgaça pikirler eşidilip başlandy. Sebäbi, logika görä, azat bazar ykdysadyýetine geçilmegi syýasy-ykdysady azatlyk, söz hem metbugat azatlygy ýaly esasy azatlyklary öz içine alýardy. Ýöne şol wagt, käbir pikirlere görä, bu azatlyklara ne häkimiýetler, ne-de halk, hiçisi taýýar däldi. Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlaryna göz aýlansa, Türkmenistan dünýädäki iň bir repressiw ýurtlaryň biri hökmünde suratlandyrylýar. Siziňçe, bu näme üçin beýle boldy?

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öňüsyrasynda we Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzysüre beýleki respublikalarda işjeňlik bilen syýasy hereketler, adam hukuklaryny goraýan guramalar, jemgyýetçilik guramalary, partiýalar döredilip başlandy. Emma Türkmenistanda bu ýagdaý şol wagt hatda goňşy Özbegistandaky ýagdaý bilen deňeşdirilende hem yzdady. Belki-de, munda, eger şeýle aýtmak bolýan bolsa, türkmen mentaliteti ýa häsiýeti belli bir rol oýnady. Ol, ýagny türkmen, gaty biperwaý, örän ynanjaň we gaty dostana. Onsoň bu hili ýagdaýda haýsydyr bir aýratyn alnan syýasy ýa başga topar jemgyýetde belli bir dartgynlylyk döredýär.

Meniň çakyma görä, adamlar kimdir birlerine garşy durmak islemediler, olarda şeýle isleg bolmady. Sebäbi olar sowet döwründe kemala gelen nesildi. Mundanam başga, eýýäm aýdyp geçişim ýaly, ýerli mentalitet hem bu ýerde öz roluny oýnady. Megerem, şu-da hakykatda döwlet tarapyndan gurnalan hereketlere alternatiw çynlakaý toparlanyşyklaryň döräp bilmezliginiň esasy sebäbi bolup durýar. Elbetde, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda intelligensiýanyň wekilleriniň belli bir hereketi boldy. Ol ýerde alymlar, ýazyjylar, medeniýet işgärleri käbir guramalary döretmäge synandylar we hatda döretdiler hem.

Ýöne meniň ýaşan ýerim Daşhowuzda beýle zatlar bolmady we bize jemgyýetçilik guramasyny döretmekden başga zat galmady. Biz öz jemgyýetçilik guramamyzy döretdik we Türkmenistanyň beýleki regionlarynda hem jemgyýetçilik guramalaryny döretmäge kömek etdik. Ýagny biz garşylyksyz, ekologiýa, bilim ugruny saýlap aldyk. Şol wagt bu temalar bitarap hasaplanýardy we häkimiýetler bu ugurda işlemäge rugsat berýärdiler.

Ikinji tarapdan, biziň özümiz hem muny jemgyýetçilik guramalarynyň döremegi we soňra jemyýetçilik hereketlerine ösüp geçmegi üçin ýeterlik derejede gowy ýol hasaplaýardyk. Gynansak-da, şol wagt biz has giň möçberli işi gurap bilmedik.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň döredijilik we ylmy intelligensiýasy, bilim, saglyk işgärleri näme üçin öz esasy hukuklaryny gorap bilmediler? Kitaplaryň çykarylmazlygynda, ylmy gözlegleriň çäklendirilmeginde we beýlekilerde diňe hökümet günälimi? Bu ýerde intelligensiýanyň öz roly ýa umumy pikir-düşünjäniň täsiri nähili?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, sebäp şunda ýa munda diýip bir agyzdan jogap bermek mümkin däl, çünki bu ýerde bir topar sebäp bar.

Meniň pikirimçe, şol sebäpleriň esasylarynyň biri şol wagt Türkmenistanda alternatiw lideriň bolmazlygy. Eger şonda hem häkimiýetler tarapyndan, hem türkmen jemgyýetçiligi, döwlete degişli däl guramalar tarapyndan ykrar edilen syýasy lider dörän bolsady, belki-de, dagynyk türkmen intelligensiýasy onuň daşynda jemlenip bilerdi. Haçanda şeýle toparlaryň birnäçesi döräp, olaryň hersi özüni has edenli, has çynlakaý we has agramly hasaplasa, beýlekiler ýa şoňa girmeli, ýa işlemesiz bolsa, bu bölünişige getirýär. Şol pursatda Türkmenistanda güýçli şahsyýet döräp bilmedi. Bu diňe bir ýagdaý.

Beýleki ýagdaý, meniň eýýäm aýdyp geçişim ýaly, dürli hereketlere ýa toparlara wekilçilik edýän deňeçerräk şahsyýetleriň men-menligi bilen bagly. Bu ýagdaý, meniň pikirimçe, şol wagt gerekmejek basdaşlygy, türkmen itnelligensiýasynyň arasyndaky bölünişigi döretdi. Bu bolsa häkimiýetleriň ol toparlaryň hersi bilen aýry-aýrylykda aňsatja haklaşmagyna şert döretdi. Onsoň şol wagt köpler ýurtdan gitmäge, köpler öz işjeňňirligini togtatmaga mejbur boldy. Şoň bilenem, eger şeýle aýtmak bolýan bolsa, Türkmenistandaky syýasy hereket tamam boldy.

Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri halkara hukuk toparlaryny ýa garaşsyz ekspertleri türkmen türmelerine goýbermeýär. Şol bir wagtda Daşoguzda gyzy zorlanan ene-de, Balkanda süteme uçran garry ata-da, Aşgabatda emläginiň talanandygyny aýdýan biznesmen-de arzyny prezidente ýetirmek üçin Azatlyk Radiosyna ýüz tutýar. Siziňçe, bu halkyň häkimiýetlere soňsuz ynanjy bilen baglymy ýa nähilidir bir herekete geçmegiň zerurlygyna düşünip başlamagy bilen baglymy?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, siziň sanap geçen üç ýagdaýyňyz ol ýerde bolýan zatlaryň bir ülüşjigi, hakykatda bu hili zatlar gaty köp. Emma size ýa halkara guramalaryna, ýa maňa şikaýat bilen ýüz tutýan köplük däl, olar ikilek-üçlek, ýöne şu ýagdaýyň özi hem adamlaryň Türkmenstanda adalata ynamlaryny ýitirendiklerini görkezýär. Sebäbi ol ýerde sudlar ýagdaýa ýa häkimiýetleriň meýline görä sud edýärler.

Eger-de iş syýasatdan daş, adaty jenaýat bilen bagly bolsa, onda bu ýerde parahorluk, korrupsiýa ara düşýär. Onsoň, ummasyz puly bolmadyk ýönekeý adamlaryň adalatly höküm çykarylmagyny gazanmak mümkinçiligi ýok. Netijede, olar ýokary guramalara şikaýat edýärler. Emma ol ýerde-de şol bir emeldarlar otyrlar we olaryň haýsydyr bir aýratyn alnan adamyň ýa maşgalanyň ykbaly bilen işi ýok. Onsoň käbirleri, munuň üçin häkimiýetleriň yzarlamagynyň mümkindigine düşünseler-de, umytdan düşüp, adalaty gözläp, kömek sorap, daşary ýurtlardaky guramlara ýüz tutýarlar.

Aslynda, olar gaty dogry edýärler, öz hakyňy elýeterli bolan islendik usul arkaly goramak gerek. Eger Türkmenistanda öz hukuklaryňy kanun esasynda gorap bolmaýan bolsa, onda kömek sorap halkara guramalaryna ýüz tumak galýar. Elbetde, bu hili çärä diňe az sanly adamlaryň ýüz urmagy gynandyryjy. Emma şeýle ejir çekenler, eýýäm aýdyp geçişim ýaly, ýüzlerçe, hatda müňlerçe. Eger-de olar bilelikde, köpçülikleýin hat ýazmaga, şikaýat etmäge ýürek etseler, bu has netijeli bolardy, şonda olar häkimiýetleri dürli ýagdaýlara reaksiýa bildirmäge mejbur edip bilerdiler. Ýöne häzirlikçe beýle ýürekli adamlar azlyk. Men olara gaty gynanýan, sebäbi beýle usul bilen Türkmenistanda hakykaty gazanmak mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Ýurt içinden gowuşýan maglumatlar syýasy-ykdysady, medeni hukuklary kemsidilýän adamlaryň köplenç dymmagy, kaýyllygy saýlap alýandygyny, şol bir wagtda başgalaryň, oppozisiýanyň, halkara guramalarynyň, demokratik döwletleriň kömegine, Allanyň gudratyna garaşýandyklaryny görkezýär. Bu ýagdaý köplenç gorky, pkirilenmek ukybynyň pesligi, dünýägaraýşyň darlygy bilen düşündirilýär. Siziňçe, bu gorky nähili ýeňlip bilner?

Farid Tuhbatullin: Hakytdan hem, adamlarda gorky gaty çuň ornaşdy. Olar diňe özleri üçin hem däl, öz garyndaşlaryna we ýakynlaryna azar berilmeginden hem gorkýarlar. Ýöne barybir bu gorkyny ýeňip geçmek, onuň bilen göreşmek gerek.

Meniň pikirimçe, bu meselede nähilem bolsa bir ýürekli adam ýa haýsydar bir lider gerek. Elbetde, ol lideriň eline baýdak alyp köçä çykmagy ýa haýsydyr bir rewolýusiýa etmegi hökman däl. Ýöne kollektiwleýin hatlary ýazmak, ol ýa-da beýleki problemanyň çözgüdi üçin kollektiwleýin ýüzlenme guramak bolar-a!

Mysal üçin, iň soňky ýagdaýy alalyň, ýüzläp student daşary ýurtda okamak mümkinçiliginden kesildi. Emma olaryň garyndaşlary ýokary häkimiýetlere bu barada şikaýat bilen ýüz tutmakdan hem gorkdular. Netijede häkimiýetler bu ýagdaýdan peýdalandy we ol adamlaryň Türkmenistandan çykmagy gadagan edildi. Emma ol adamlaryň hiç bir günäsi ýok, olar hiç hili jenaýat ýa bikanun iş etmedi. Emma adamlar dymýarlar. Onsoň, adamlar dymsa, häkimiýetler olaryň okamagyny hem gadagan eder, tomsuň yssysynda jaý sowadyjysyny hem aýrar, studentleriň maşyn sürmegini hem gadagan eder. Ol ýerde gadaganlyk üstüne gadaganlyk.

Meniň pikirimçe, hemme zat adamlaryň özlerine bagly, eger olar häkimiýete öz üstlerinden gülmäge näçe köp mümkinçilik berseler, häkimiýet ondan şonça-da peýdalanar. Eger-de olar dymmak bilen hem özlerini, hem öz ýakynlaryny halas edýändirin öýdän bolsalar, gaty ýalňyşýarlar. Beýle usulda diňe bir gezek başyňy gutararsyň. Emma sistema işläp başlandan soň dymmak bilen gutulyp bolmaýar, gaýta dymmak ýagdaýy has beter agyrlaşdyrýar. Şu sebäpden dymmak gerek däl we geplemek, aýtmak üçin ähli mümkinçiligi peýdalanmak gerek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG