Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabag meselesinde öňegidişlik barmy?


Ermeni goşunlary Daglyk-Garabagda harby türgenleşik geçirýärler, 22-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.

Ermeni goşunlary Daglyk-Garabagda harby türgenleşik geçirýärler, 22-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.

Demirgazyk Kawkazda uzak wagtdan bäri dowam edýän konfliktlerden biri hem Azerbeýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Daglyk-Garabag meselesindäki ylalaşmazlykdyr.

Bu dartgynlylyk barada ady agzalýan ýurtlaryň hökümet wekilleriniň, şol sanda döwlet baştutanlarynyň arasynda, ençeme duşuşyklar boldy. Olardan biri hem geçen ýekşenbe güni Münhende geçirildi.

Azerbeýjanyň prezidenti Ilham Alyýewiň we Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýanyň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda bu ugurda käbir ösüşleriň hem bolanlygy aýdylýar.

Bu aktual mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz boýunça synçysy Liz Fullar bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Daglyk-Garabag konflikti nähili we haçan başlady?

Liz Fullar: Daglyk-Garabag 18-nji asyrlarda Ermenileriň köpçülikde ýaşaýan kiçijik bir obasydy. Şu mahalky Azerbeýjan döwlet hökmünde syýasy kartada ýokdy.

Liz Fullar
1910-njy ýyllaryň ahyrlarynda Rus patyşalygynyň agdarylmagy bilen ermeniler bilen bagly Azerbeýjanda çaknyşyk başlady, hatda şol ýerde köpçülikleýin gyrgynçylygyň bolanlygy hem mälim. 1920-nji ýyllarda Azerbeýjan bilen Ermenistan Sowet Soýuzynyň agzasy bolandan soň, Daglyk-Garabag bilen Nahçiwan Azerbeýjana degişli edildi.

Mundan 21 ýyl ozal Gorbaçýowyň perestroýka we aç-açanlyk syýasaty döwründe awtonom statusa eýe bolan şol regionyň kommunistik partiýasynyň merkezi komiteti Moskwa ýüzlenip, Daglyk-Garabagyň Ermenistana berilmegini talap etdi.

Häzirki konflikt şol döwürde başlandy. Şol mahal Ermenistanyň paýtagtynda müňlerçe adam jemlenişip, bu teklibi goldap çykyş edipdi. Bu baradaky demonstrasiýalar ençeme gün dowam edipdi.

Gorbaçýow şol dartgynlyga sebäp bolan wezipeli adamlary, şol sanda ermeni lideri Petrosýany wezipesinden aýryp, türmä basdy. Şunlukda, regiondaky dartgynlylyk köşeşdi.

Emma şol wakadan soň, 1988-nji ýyllarda rus harbylarynyň şol regionda ýerleşdirilmegine garamazdan, bir näçe ýyla çenli regionda wagtal-wagtal çaknaşyklar dowam etdi. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaýança, Daglyk-Garabag bu Soýuzyň içindäki bir konflikt hökmünde galdy we Sowet Soýuzy dargandan soňra, bu halkara derejede ykrar edilen ýurtlaryň arasyndaky ylalaşmazlyga öwrüldi.

Şondan soň, häzirki ÝHHG şol dartgynlylyk boýunça Minsk toparyny döretdi. Bu topar döredileli bäri bu mesele boýunça yzygiderli ýygnaklar geçirip gelýär. Emma barybir bu ugurdan şu güne çenli gazanylan anyk netije ýok.

Azatlyk Radiosy: 1988-nji ýylda partiýanyň Daglyk-Garabagdaky bölümi tarapyndan gurnalan şol aksiýanyň haýsydyr bir kanuny häsiýeti barmydy?

Liz Fullar: Partiýanyň etrap we region boýunça bölüminiň komiteti häkimiýeti öz elinde saklaýan güýjüň bir bölegi bolanlygy üçin, olaryň, elbetde, bu soragy merkezi komitetiň öňünde goýmaga ygtyýary bardy. Ýagny, olaryň bu regionyň Ermenistanyň bir bölegi edilmelidigi baradaky talaplary teoriýa taýdan ýalnyş däldi. Emma kanuny taýdan ygtyýarly bolmaklyk we munuň sowet liderleri üçin kabul ederlikli bolmaklygy başga bir meseledir.

Mundan ozal Gorbaçýow halk öňünde eden çykyşlarynda şeýle konfliktleriň Sowet Soýuzynyň ähli regionlarynda ýüze çykjakdygyny aýdyp, eger Daglyk-Garabagyň Ermenistana degişli edilmelidigi baradaky bu talaby kabul etsek, beýleki regionlarda ýaşaýan milli azlykdaky toparlar hem şeýle talaplar bilen çykyş edip başlarlar diýipdi.

Azatlyk Radiosy: Onda Daglyk-Garabagyň Ermenistana degişli edilmelidigi baradaky bu talap diňe talaplygyna galdy, hiç haçan kabul edilmedi, şeýlemi?

Liz Fullar: Bu talap Azerbeýjandaky ermeniler tarapyndan orta atyldy we olar bu regionyň Ermenistana degişli edilmelidigi baradaky talaby Moskwadaky merkezi komitete teklip etdiler. Kanuna görä, olar bu talap bilen partiýanyň Azerbeýjandaky bölümine ýüz tutmalydylar. Sebäbi Daglyk-Garabag Azerbeýjanyň territoriýasynda ýerleşýän bir awtonom regiondy.

Azatlyk Radiosy: Siziň beren jogabyňyzdan meniň düşünişime görä, Moskwa ermenileriň şol talabyny kabul etmändir, şeýlemi?

Liz Fuller: Hawa, Gorbaçýowyň şol wagt öňe süren jogaby şeýle boldy. Sebäbi biz eger birine “hawa” diýip jogap bersek, beýleki respublikalarda ýerleşýän milli azlykdaky toparlar hem şeýle teklipler bilen bize ýüz tutup başlarlar diýipdi.

Meselem, olaryň aýdyşyna görä, Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän özbekler hem özleriniň Türkmenistana däl, Özbegistana garaşly edilmelidigi baradaky talap bilen Moskwa ýüz tutup bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Daglyk-Garabag bilen bagly bu ylalaşmazlygyň çözgüdi nämede?

Liz Fuller: Bakuw bilen Ýerewan iki tarap üçin hem kabul ederlikli bir çözgüt tapmaly. Emma munuň nähili boljakdygyny men göz öňüne getirip bilemok. Sebäbi men Azerbeýjanyň Daglyk-Garaby garaşsyz ýurt hökmünde ykrar etjegini aýdyp biljek däl. Daglyk-Garabaga, meger, Kosowanyň garaşsyzlygyna gowuşmazdan öňki statusy ýaly bir status berilmegi mümkin. Sebäbi Kosowa uzak wagtlap BMG tarapyndan dolandyrylypdy.

Ýekşenbe güni Münhende ara alnyp maslahatlaşylan temalardan biri hem şol regiony dolandyrjak wagtlaýyn geçiş hökümetini gurmak meselesi bilen bagly boldy.

Munuň jikme-jigi barada o diýen maglumatym ýok, emma bu regiona kanuny taýdan Azerbeýjanyň bir bölegi däl, belkem, halkara derejede dolandyryljak bir region statusy berilmeli diýlen mesele-de orta atylýar. Bu teklip ady agzalýan regiona doly garaşsyzlyk berilmeli diýlen maddany öz içine alanok.

Ýene şu mesele boýunça iki prezidentiň arasynda geçirilen duşuşykda öňegidişligiň bolanlygynyň aýdylýan bolmagy mümkin. Emma rus mediasy tarapyndan berilýän bu habaryň jikme-jigi barada anyk bir zat aýtmak kyn. Şeýle teklip kabul edilen ýagdaýynda bu statusyň haçana çenli dowam etjekdigi we nähili boljakdygy hem anyk däl.

Daglyk-Garabag boýunça häzirki döwürde öňe sürülýän planda onuň geljekki statusyny kesgitlemek bilen bagly regionyň ýaşaýjylarynyň arasynda referendumyň geçirilmegi barada hem gürrüň edilýär, emma onuň hem haçan geçiriljekdigi anyk däl.

Azatlyk Radiosy: Orsýet, Birleşen Ştatlar we Türkiýe ýaly ýurtlaryň hem bu meseläniň çözülmegi ýa çözülmezligi barada uly rol oýnap biljekdigi aýdylýar, bu barada siz nähili pikirde?

Liz Fullar: ÝHHG-niň Minsk toparyna üç ýurt tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Olar Orsýet, Birleşen Ştatlar we Fransiýadyr. Olar regionda parahatçylygyň ornaşdyrylmagy barada tagalla edýärler. Emma şol bir wagtyň özünde-de ady agzalýan ýurtlaryň, şol sanda Orsýetiň Azerbeýjan bilen bagly öz ykdysady bähbitleri hem bar.

Emma Münhende geçirilen ýygnak meselesinde meniň ünsümi çeken zat - şol ýurtlaryň ählisiniň Azerbeýjanyň prezidenti Ilham Alyýewiň bu konfliktiň çözgüdi tapylmasa, güýç ulanyp biljekdigi baradaky eden çykyşyna üns bermekleridir.

Mälim bolşuna görä, Alyýew Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýan bilen duşuşmak üçin Münhene sapar etmezden iki gün öň eden çykyşynda, eger bu duşuşykdan hem netije çykmasa, harby çäreleri ulanmakdan başga özlerine çykalga galmajagyny aýdypdy. Ol şeýle pikirleri mundan ozal hem öňe sürüpdi.

Meselem, iýul aýynda Londonda eden çykyşynda hem Alyýew şeýle pikiri gaýtalapdy. Emma Minsk toparyna ýolbaşçylyk edýän üç ýurt tarapyndan ýayradylan beýanatda beýle çözgüdiň kabul ederlikli bolmajagy aýdylýar.

Olar bu pikirini, elbetde, diplomatik dilde beýan etdiler, emma bu beýanatyň Alyýewiň eden çykyşy bilen göni baglydygyny aýdyp bolar. Şol bir wagtyň özünde bu beýanatyň dartgynlygyň harby ýollar bilen çözülip bilinmejegi barada Alyýewe berlen duýduryşdygyny hem aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Alyýewiň başga çykalga galmasa, harby güýç ulanmagyň mümkindigi baradaky pikirini yzygiderli gaýtalap durmagynyň maksady näme bolup biler?

Liz Fullar: Ol bu pikirini gaýtalap durmak arkaly özüniň kakasy ýaly güýçli bir liderdigini görkezmek isleýär. Şeýle-de ol bu barada öz pozisiýasyndan yza gaýtmajagyny aýan etmäge synanyşýar.

Onuň Sarkisiýan bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda bu pikirini ýene bir gezek gaýtalamagynyň iki sebäbi bolup biler. Birinjisi, eşekleriň metbugat ýygnagyny geçirýänligi baradaky ýazgyny internetde goýan iki azeri aktiwistiniň tussag edilmegi bilen bagly Baku halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berk tankyt edilipdi. Ikinji sebäbi bolsa, Ermenistan bilen Türkiýäniň arasynda dowam edýän gepleşiklerdir. Mälim bolşuna görä, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda ýakynda Şweýsariýada gol goýlan ylalaşygyň yz ýany bilen Azerbeýjanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan beýanat ýayradylypdy.

Şonda bu ylalaşygyň Azerbeýjanyň bähbidine däldigi mälim edilipdi. Türkiýe mydama Azerbeýjany goldap geldi. 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkiýe Azerbeýjana harby maslahatçylaryny iberipdi. Emma Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky serhet gapylarynyň açylmagyna Baku kabul ederlikli ýagdaý hökmünde garamaýar.

Azatlyk Radiosy: Azerbeýjan soňky ençeme ýylyň dowamynda harby maksatlar üçin aýyrýan serişdelerini gaty artdyrdy. Munuň bir maksady bolmaly, şeýle dälmi?


Liz Fullar: Elbetde, Azerbeýjan harby çykdajylaryny aşa artdyrdy. Käbir synçylar bu mesele boýunça iň soňky çäre hökmünde Bakuwyň harby ýola baş goşup biljekdigini aýdýarlar. Emma bu mesele boýunça aýdylmaly başga bir zat, Azerbeýjanyň ýerasty baylyklary boýunça girdejisiniň 1913-15-nji ýyllardan başlap azalyp başlamagy baradaky çaklamadyr.

Diýmek, eger Azerbeýjan nebitden gelýän girdejisini ýurtda täze iş orunlaryny döretmek we infrostrukturany güýçlendirmek üçin harç etmese, Alyýewyň pozisiýasy gowşar.

Şeýle ýagdaýda Alyýewiň öz pozisiýasyny güýçlendirmek we halk arasyndaky abraýyny artdyrmak üçin harby çärä baş goşmagy mümkin. Sebäbi ol Ermenistana garşy uruş yglan etmeklige öz pozisiýasyny goramagyň bir ýoly hökmünde garap biler.

Azatlyk Radiosy: Onda demirgazyk Kawkazda ýene bir urşuň bolmajagyny aýdyp bolmaz, şeýlemi?

Liz Fullar: Urşuň bolmajagyny aýdyp bolmaz, emma men bu iki ýurduň geljegi üçin urşuň bolmazlygyny umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG