Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Saud Arabystanynda suw joşmasy netijesinde azyndan 48 adam heläk boldy


Şu gün Saud Arabystanynda yzygiderli çagwa ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmasy netijesinde azyndan 48 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýan Jidda portuny suw alypdyr. Halas edijilere bu ýerlerden 900 adamy çykarmak başardypdyr.

Bu tebigy betbagytçylyk Mekgede haj zyýaratyna gabat geldi.

Heläk bolanlaryň arasynda zyýarata baranlaryň ýokdugy aýdylýar. Emma suw joşmasy zerarly Jidadan Mekgä barýan ýoly ýapmaly boldy. Bu bolsa haj ziýaratynyň guramaçylykly işlerine goşmaça päsgelçilik döretdi diýlip, bu baradaky maglumatlarda aýdýlýär.
XS
SM
MD
LG