Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanlykda waka kän


Külli musulmanlaryň gurban baýramy ýene ýetip geldi. Garaşsyzlygyň gelmegi bilen türkmenler hem bu baýramy arkaýyn bellemäge giň mümkinçilikler tapdylar.

Türkmenler gurban baýramyny bellemegi gowy görýärler. Aýratyn-da bu baýramçylyk ýaşlar üçin has şüweleňli bolýar. Hiňňildikler dikilip, hiňňildik uçulýar.

Soňky döwürlerde hiňňildigiň ýanynda aýdym-saz gurnalyp, bagşy aýtdyrylýar. Ýaşlar oba-oba, topar-topar bolup pul goşup, özleriniň gowy görýän bagşylaryny hiňňilligiň ýanynda aýdym aýtdyrmak üçin kireýine tutýarlar.

Ýetişen gyzly öýler aladaly

Gurban baýramynyň gelmegi hemmeler üçin şatlyk bolsa-da, ýetişen gyzlary bar öýler üçin howsala hem tolgunmany döredýär. Sebäbi gurban baýramynda gyzlaryň iň köp äre gaçýan döwrüdigini türkmenleriň hemmesem bilýär. Hiňňildige esasan, «günä dökmek» üçin barylmaýar. Gyzlar oglan synlaýar, oglanlar gyz synlaýar. «Seretmeşek» oýnaýarlar.

Gyzyň ýa-da oglanyň gylyk-häsiýeti hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Diňe daşky sypaty biri-biriniň göwnüne ýaran ýaşlar üç günläp «söýşenlerinden» soň, gaçyp gidýärler. Esasan on bäş-on alty ýaş bilen on dokuz ýaşyň arasynda bolan gyzlar gaçýarlar. Özi «söýşen» bolup, öýlenip bilmän ýören garyp ýa-da neşekeş dostuna, näsag garyndaşyna gelin tapyp berýänler-de bolýar. Gurbanlykda äre gaçýan gyzlaryň bagty çüwýänleri az bolýar. Sebäbi salykatly maşgalalar gurbanlykda gyz alyp gaçmaýarlar.

Beterinden beteri bar…


Gyz gurbanlykda diňe äre gaçsa, gynanman, şükür etmeli ýagdaýlaram bolýar. Beterinden beteri bar. Köp gyzlar maşynlara münüp, owadan ýerlere aýlanmagy gowy görýärler. Çem gelen maşyna münüp, özlerine gurbanlyk gezmek üçin berilýän sowalga pullary gutarýança gezelenç edýän gyzlaram bolýar. Beýle gyzlar neşekeşleriň hem ganhorlaryň pidasy bolýarlar. Iň gymmatbaha şaý-seplerini dakynyp, gurbanlykda gezelenje çykan gyzlary ýörite yzarlap ýören päli azanlar gözel gyzlara az duşmaýar. Olaryň şaý-seplerini alyp, özlerini bolsa zorlap, öldürip zyňýan rehimsizler hakdaky wakalar hem her ýylda ýüze çykyp durýar.

Şeýle häsiýetdäki wakalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin ýerli häkimlikler hem alada baryny irgözinden edip başladylar. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bolsa gurbanlyk günleri güýçli depginde işlärler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG