Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjy Ebadiniň altyn medaly alyndy


Eýran häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýjy Şirin Ebadiniň 2003-nji ýylda alan Nobel parahatçylyk baýragyny konfiskasiýa etdiler.

Norwegiýanyň daşary işler ministri Jonas Gahr Store altyn medalyň konfiskasiýa edilmegi 108 ýaşly baýragyň taryhynda ilkinji gezek bolan aňk ediji waka diýdi.

Norwegiýanyň daşary işler ministrligi Eýranyň ilçisini çagyryp, oňa protest bildirdi.

Ebadi AP agentligine özüniň gorkuzylmajagyny aýtdy. Ol öz parahatçylyk baýragynyň medalynyň üç hepde mundan öň alnandygyny gürrüň berdi.

Ebadi häkimiýetleriň özüniň hem adamsynyň bank hasaplaryny doňdurandygyny, olaryň Nobel baýragyny alanda berlen pul sylagy sebäpli 410 müň dollar salgyt talap edýändiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG