Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Post-sowet ýurtlarynda telewideniýe demokratiýany bökdeýär


Metbugata gözegçilik edýän gurama Orsýetde we beýleki post-sowet ýurtlarynyň köpüsinde hökümet täsirindäki telewideniýäniň demokratiýany bökdeýändigi barada duýduryş etdi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Miklos Harazti bu barada şeýle diýdi: «Eger köp adam öz alýan maglumatynyň aglabasyny ýa hökümetiň elindäki, ýa hususylaşdyrylan bolup, hökümet ýolbaşçylarynyň ýakynlarynyň ýa maşgalalarynyň elinde bolan telewideniýeden alýan bolsa, bu ýerde azat saýlawlar ýa dogry-dürs demokratiýa barada gürrüň edip bolmaz.»

Harazti AP agentligine özüniň Orsýet, Belarus we Merkezi Aziýadaky hem Günorta Kawkazdaky post-sowet ýurtlarynyň köpüsi barada alada edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG