Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli türme resmisi aklawçynyň ölümindäki günäni tassyk edýär


Orsetiň ýokary derejeli türme resmisi öz gullugynyň türmede saglyk kömegi berilmän ölen aklawçynyň ölüminde bölekleýin günäkärdigini tassyk etdi.

Hermitaž Kapital manejment inwestisiýa firmasynyň aklawçysy Sergeý Magnitskiý geçen hepde deslapky tussaghanada ýüreagrydan heläk boldy.

Rus habar serişdeleri Orsýetiň Federal türme gullugynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Smirnowyň «bu ölüm adalat sistemasynyň ähli işiniň üstüne gara tegmil çyrşady» diýendigini ýazýarlar.

Türme gullugy bu boýun alşy prezident Dmitriý Medwedewiň Magnitskiniň ölümini derňemek baradaky buýrugyndan soň etdi.
XS
SM
MD
LG