Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýjanly tussaglar urlup-ýenjilýär


Ýewropa Geňeşiniň çap eden hasabatynda Azerbeýjanyň türmelerindäki ömürlik tussaglaryň türme ofiserlerinden sütem görýändigi aýdylýar.

Derňewçiler ofiserleriň ýurduň Gobustan türmesinde saklanýan 634 ömürlik tussaga bilgeşleýin ýowuz daraýandyklarynyň we olara garşy aşa güýç ulanýandyklarynyň üstüni açdylar.

Geňeşiň adam gynamalaryna garşy komitetiniň hasabatyna görä, tussaglar esasan ýumruk, taýak bilen urulmak, depilmek, şoň ýaly-da jynsy azar berilme bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
XS
SM
MD
LG