Sepleriň elýeterliligi

Maşynyň signalyny basana jerime tölediler


Soňky günler paýtagtda ilatly ýerlerde signal sesini berýändikleri üçin maşyn sürüjilerine ýol gözegçileri tarapyndan jerime töledilip başlandy. Ýol gözegçileriniň bu hereketleri sürüjileriň arasynda nägilelik döredýär.

«Çala eşiden çatma ýykar» diýlişi ýaly, ýol gözegçiligi gullugynyň bu hereketlerine maşyny sürýän hem, sürmeýän hem özüçe baha berip başlady. Waka syn bermezden ozal, «Ýol hereketiniň düzgünleri» hakyndaky kitaba ýüzlenip göreliň.

Türkmenistanyň prezidentiniň 2003-nji ýylyň 31-nji martynda tassyklan «Ýol hereketiniň düzgünleri» baradaky kanunyň 18.10 punktynda şeýle diýlip ýazylan:

Ses signallary diňe aşakdaky ýagdaýlarda ulanylmalydyr:

Ilatsyz nokatlarda öňden barýan ulaga ony ozup geçmek isleýändigiňi habar bermek üçin;

Köçe-ýol hadysasynyň ýüze çykaýmak howpunyň öňüni almak üçin.


Galan ýagdaýlarda sürüjä ilatly ýerde ses signalyny bermeklik köçe-ýol hereketiniň düzgünine görä, rugsat berilmeýär.

Kanunyň bu punkty Soýuz döwrüniň «Ýol hereketiniň düzgünlerinde» hem bardy. Ýol gözegçileriniň signal üçin töledýän jerimeleri, sürüjileriň pikiriçe, täze tapylan hokga däl-de, eýsem kanunda bar bolan maddanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegidir.

Kelpeň ýaşlar günäkär diýilýär

Paýtagtda maşynlaryň sany ýyl geldigiçe artýar. Daşary ýurtdan getirilýän öň ulanylan maşynlar bolsa, indi köplere elýeterli. Netijede şäherde ulaga münýän ýaş-ýeleňleriňem sany artyp başlady.

Ýaşlaryň ýolda tanşyny görende, ýa bolmasa, trotuardan geçip barýan ýaş gyzlara gözi düşende üznüksiz signal bermekleri ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň halys degnasyna degdi. Bu ýagdaýlar indi näçe ýyl bäri dowam edip gelýär.

Ýaşlaryň bu hereketi diňe bir ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň däl, eýsem sada raýatlaryň hem göwnünden turup baranokdy. Köçede bolýan şu hereketlerem ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan degişli kanunyň degişli punktyny herekete girizmäge esas döretdi.

Düzgün näçe wagta giderkä?


Şuňa meňzeş waka paýtagtda 2001-nji ýylda hem bolupdy. Şonda ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri sürüjiden hem-de onuň ýanynda oturýan ýolagçydan hökmany ýagdaýda howpsuzlyk kemerini dakmagy talap edip başlapdylar. Howpsuzlyk kemerini dakmadyklara bolsa, jerime töledilerdi. Elbetde, bu hem «Ýol hereketiniň düzgünlerine» laýyklykda.

Emma ilatyň howpsuzlyk kemerine hiç öwrenişesi gelmedi. Bu meselede sürüjiler bilen ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň arasynda oňşuksyzlyk başlandy. Ilat närazylygyny bildirip başlansoň, ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri sürüjilere ýene gözlerini ýumdular.

Has-da gözden çykylýar

Ilatly ýerlerde ýersiz ýere signal sesini berene jerime töletmek baradaky görkezmäni öz haýryna peýdalanýan ýol gözegçilerine hem sataşmak bolýar. Şeýle ýol gözegçileri köçe-ýol hadysasynyň ýüze çykaýmak howpunyň öňüni almak üçin signal sesini beren ýolagçylara-da jerime töledýärler.

Häzirki wagtda şäheriň merkezi köçeleriniň köp ýerlerinde signal sesini bermegiň gadagandygy hakda belgiler goýuldy. Ýöne şeýle belgiler şäheriň beýleki köçelerinde ýok.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG