Sepleriň elýeterliligi

Ýewropaly bank türkmen bazaryna maýa goýýar


Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖB) Türkmenistanda azyk önümleriniň döwrebap bölekleýin satuw zynjyrynyň ilkinji görnüşleriniň birini ýola goýmaga goldaw bermek maksady bilen “Ak enar” atly ýerli firma 1,9 million dollar şärikli maýa goýum goýýar. Bu barada ady agzalan bankyň 27-nji noýabrda ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

2008-nji ýylda gurlan “Ak enar” hususy firmasy Türkmenistandaky ilkinji bölekleýin satuw zynjyrydyr we häzirki wagtda bu firma diňe Aşgabatda hereket edýär. Ýurtda azyk önümleriniň bölekleýin satuwy entek hem kiçi göwrümli dükanlarda we bazarlarda amala aşyrylýar.

ÝDÖB-niň maýa goýumy “Ak Enar” firmasynyň aragatnaşyk sistemasynyň mundan beýläk hem giňemegini maliýeleşdirer we bu firma bölekleýin satuw zynjyryny tutuş Türkmenistanda ornaşdyrmaga ýardam berer.

Bankyň beýanatynda bellenmegine görä, bu proýekt köp sanly ilatly ýerlere golaý ýerleşýän söwda nokatlarynyň zynjyryny ýola goýmak boýunça “Ak enar” firmasynyň strategiýasyna goldaw berer. Bu bolsa, ýurduň ilatyna döwrebap bölekleýin söwda tejribesini öwreder we ýokary hilli önümleriň bäsdeş bahalardan satuwa çykarylmagyny üpjün eder.

“Bu proýekt Türkmenistanyň azak önümleri boýunça bölekleýin söwda pudagyna täze we kämilleşdirilen standartlary getirer we alyjylaryň bähbidi üçin bäsdeşligi ýokarlandyrar. Täze dükanlary açmak bilen, “Ak enar” firmasy ýerli üpjün edijiler bilen gatnaşygyny ösdürer we täze iş orunlaryny döreder” diýip, ÝDÖB-niň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Neil MakKein bankyň metbugat beýanatynda belleýär.

MakKeiniň aýtmagyna görä, bu çäre türkmen hökümetiniň öňde goýan esasy maksatlarynyň biri bolan ýurtda hususy eýeçiligi ösdürmäge goldaw bermek boýunça ÝDÖB-niň yhlasyny kuwwatlandyrýar.

“ÝDÖB bilen hyzmatdaşlyk etmek “Ak enar” firmasynyň ulalmagyna we ýurduň öňdebaryjy bölekleýin satyjysyna öwrülmegine ýol açar. Biz çalt depgini bilen ösýän bu pudak üçin standartlary ornaşdyrarys” diýip “Ak enar” firmasynyň ýolbaşçysy Akbäbek Taganowanyň aýdanlary bankyň beýanatynda görkezilýär.

Şärikli maýa goýumy “Ak enar” firmasyna ÝDÖB-niň Göni inwestisiýa hyzmaty (Direct Investment Facility – DIF) programmasynyň çäginde goýberildi. Bu programma kiçi göwrümli proýektleri maliýeleşdirmek boýunça tizlendirilen çemeleşmäni ulanmak, has köp maýa goýumlaryň dolanşygyny ýola goýmak we ykdysady reformalar itergi bermek arkaly söwda-satuw çärelerini güýçlendirmek üçin ulanylýar.

Munuň bilen birlikde, ÝDÖB “TurnAround Management” programmasy (TAM) arkaly “Ak Enar” firmasynyň bölekleýin satuw dolandyryşyny ösdürmäge ýardam berýär. Bu programma bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen sazlaşykly işlemekleri üçin hususy edaralara ýardam berýär.

Ýaş firma “Hasaryň” üstünligi

2000 we 2004-nji ýyllar aralygynda, ÝDÖB Türkmenistanda konditer önümlerini öndürýän “Hasar” hususy kärhanasyna hem maliýe serişdelerini karz goýberipdi we netijede bu kärhananyň önümçiligi ýokarlanypdy.

2003-nji ýylda bolsa, Aşgabatda ýerleşýän Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň studentleri tarapyndan ýöredilýan Telekeçilik we dolandyryş merkeziniň geçiren bazary öwreniş barlaglary netijesinde, ýaş studentler tarapyndan “Hasar” firmasynyň ýolbaşçysyna “Ýylyň telekeçisi” diýen hormatly at berlipdi.

1993-nji ýylda doganlar Serdar we Allaberdi Poladowlar tarapyndan döredilen “Hasar” hususy kärhanasynyň häzirki wagtda 300-den gowrak işgäri bar we olaryň 60%-i aýal maşgalalar bolup durýar. Bu kärhana Türkmenistanyň dürli künjeklerini konditer önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär.

“Hasar” hususy kärhanasy Türkmenistanyň köke we wafli önümleri bazarynyň 70%-i üpjün edýär. ÝDÖB-niň maglumatyna göra, doganlar Poladowlaryň “Hasar” markasyny täze bazarlara çykarmak, hatda Merkezi Aziýada tanymal marka öwrülmek hyýallary bar we olara ÝDÖB-niň “TurnAround Management” programmasy şu mesele boýunça maslahat beripdir.

Içerki satuwyň we eksportuň möçberini artdyrmak boýunça “Hasaryň” indiki bäş ýyl üçin biznes plany babatda TAM-yň geňeşçileri bu firmanyň dolandyryş topary bilen işleşýärler diýip, ÝDÖB-niň maglumatynda aýdylýar. Maglumata görä, häzire çenli önümçilige has köp üns berip gelen bu kärhana, indiden başlap satuw hyzmatlaryny giňeltmegiň üstünde işleýär.

Türkmenistanda hereket edip başlany bäri, ÝDÖB bu ýurduň energiýa, infrastruktura, maliýe we şereketler pudagyna 106 million ýewro maýa goýdy hem-de takmynan 390 million ýewro barabar bolan goşmaça inwestisiýalary dolanşyga girizdi.

Häzirki wagta çenli, ÝDÖB Merkezi we Günorta Ýewropada hem-de GDA ýurtlarynda 330-dan gowrak agrobiznes boýunça proýektlere 5 milliard ýewrodan gowrak maýa goýum goýdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG