Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Gurban baýramy başlandy. Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally din ugrundan bilermen Habibulla Hakgany bilen ýörite gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gurban baýramy barada siziň gutlagyňyzy, arzuw-islegiňizi eşitmek isledik.

Hakgany: Sag boluň! Menem öz nobatymda Gurban baýramyny Türkmenistanyň halkyna we bütin dünýäde ýaşaýan türkmen ildeşlerimize gutly bolsun aýdyp, telim-telim şeýle eýtlere ýetirmegini bir Alladan dileýärin. Geljekki eýitlere çenli her birimiz hem ata Watanymyz Türkmenistana baryp, baýramçylyklarymyzy şo taýda belläp, gülüp-oýnap, hoşluklar bilen, erkinlik, abadanlyk bilen, ähli türkmenler bir jaýa jem bolupşyp, öz Watanlarynda şatlyk bilen bellemeklerini arzuw edýärin we bir Alladan dileýärin.

Azatlyk Radiosy: Musulman äleminde Gurban baýramynyň orny nähili?


Hakgany: Musulman äleminde iki baýramçylyk bar. Birisi oraza baýramçylygy, birisi hem şul Gurban baýramy.

Azatlyk radiosy: Gurnab baýarmy farz baýrammy ýa sünnetmi?

Hakgany: Her bir musulman üçin, eger onuň akyly-huşy ýerinde bolsa, ýetişen bolsa, özi ýaş çaga bolmasa, mukym bolsa, musapyr bolmasa we Gurbanlyk eder ýaly nisaba maly bolsa, şonuň gurby çatýan bolsa, şeýle musulmanyň üstüne Gurbanlyk çalmak şu gurbanlyk günlerinde wajyp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Gurban baýramynyň nähili fazylatlary bar?


Hakgany: Bu baýarmyň fazylatlary dogrusynda gürrüň etmekçi bolsak, bu bir uly bendäniň, pygamberiň bitiren bir uly faryzasyny her ýylda bize ýatladýar. Ol-da hezreti Ybraýym halylulla bilen onuň ogly hezreti Ysmaýyl barada.

Hezreti Ybraýym halylulla öz ogly bilen bileleşip, Allanyň buýrugyna taýýarlyk görüp oturanlarynda, olara Alla Tagala ýokardan – Behiştden bir goçgar iberýär, muny gurbanlyk et diýip. Allanyň tarapyndan şeýle synaglara, şeýle ekzamenle-de olar duçar bolýarlar. Ýöne soň olaryň eden işleri-de hemişelik bir ýadygärlik bolup galýar.

Şol wagtdan başlap, şonuň özüni Ybraýym halylullanyň dininde, ondan soňky öten pygamberleriň dininde-de, hezreti pygamberimiz Muhammet aleýhis-salamyň dininde hem şol günde Gurbanlyk çalmak wajyp bolýar. Emma gurby ýetmeýänler üçin däl. Kimiň gurby ýetse, şoňa wajyp bolýar. Ondan soňam bu bir musulmanlaryň hoşlukly güni. Olar iit namazyny okamaly bolýarlar. Onsoň şol iit nazmazlaryny okaýança, şol gün roza tutsa, ýagny ertir namazy okap bolnandan soň, daň atandan soň tä şol gurbanlygy çalýança hiç zat iýmese, şol hem bir sogaply düzgün.

Baýram namazyny okamazdan öň gurbanlyk çalmak dogry däl. Onsoň gurbanlygyň etini üç paýlamaklyk gowy diýilýär. Emma hemmesini özüne alyp galsa-da bolýar. Ondan nähilidir bir kynçylyk ýok. Gurbanlyga soýlan malyň dersi bar. Onuň dersini özi ulansda-da bolýar ýa bir garyba berilse-de bolýar. Ýöne gurbanlygyň dersini molla-ymamyň hakyndan diýip ýa başga bir hakdan bermek dogry däl.

Azatlyk Radiosy: Mal çalman, gurbanlyk berip bolarmy?

Hakgany: Ýok. Mal çalman gurbanlyk bermeklik bolmaz. Sebäbi bu taýda men ýaňy aýdyp geçdim, bir adamyň gurby çatmaýan bolsa, gurbanlyga nisaby ýetip duran maly bolmadyk ýagdaýynda, ol adama gurbanlyk etmeklik hökman däl. Beýleki gurby çatýanlar şol gurbanlyk eden malynyň etinden hemsaýalaryna, oba-garalaryna ýa beýleki garyp-misginlere bermeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda gurbanlyk çalmadyklar Baýrama şärik bolup bilerlermi?


Hakgany: Gurbanlyk etmedigi bilen ol ile goşulşman ýa baýramçylyga goşulan durmaz. Gurbanlyk etmek diňe bir ybadat. Bir adama Allanyň özi şol ybadaty et diýipdir, ol edýär. Oňa etme diýipdir, ol etmeýär. Emma ol günüň baýramçylygyna goşulmaklyk ýa goşulmazlykda baý bilen garyp, gurby çatýan bilen gurby çatmaýan, olaryň ählisi bir deň. Ol bir hoşluk güni, musulmanlaryň baýramçylyk güni. Ählisi birden ol şatlyga şärikdir.

Azatlyk Radiosy: Sag boluň. Şunuň bilen baglanyşykly ýene bir sowal, gurbanlygyň malynyň puluny garyplara berseň bolýar diýen bir söz bar. Şol nähili?

Hakgany: Ol bolmaýar. Gurbanlyk diýlende, gurbanlygyň özi bir ybadat, ýagny malyň ganyny akdyrmak. Şol günleriň özünde gurbanlyk çalmak wajyp bolýar. Şol sebäpdenem mal soýman, onuň puluny bir adama bermek bilen ýa bolmasa malyň özüni bir adama bermek bilen ol adaty berjaý edip bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Beren gürrüňiňiz üçin köp-köp sag boluň.


Hakgany:
Sag boluň. Minnetdar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG