Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türmesindäki tussaglaryň bir topary gaçyp çykdy


Owganystanyň polisiýasy şu gün ýurduň günbataryndaky Farah welaýatynda ýerleşýän bir türmeden tussaglaryň bir toparynyň gaçyp çykandyklaryny habar berdi.

Welaýat polisiýa edarasynyň başlygy bu wakada 12 sany tussagyň ýeriň asty bilen gazan tunneleri arkaly türmeden gaçyp çykandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 13-nji tussag gaçyp çykmakçy bolanda, ele salnypdyr. Şol ele salnan tussagyň aýtmagyna görä hem, tussaglar ýeriň asty bilen 10 günüň dowamynda tunnel gazan ekenler we bir gijäniň dowamynda türmedäki ähli tussaglary gaçyrmagy planlaşdyran ekenler.

Maglumatda, Farah welaýatyndaky bu türmede 300-den gowrak tussagyň saklanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG