Sepleriň elýeterliligi

Şanhaýyň aeroportunda uçar heläkçiligi boldy


Şu gün Hytaýyň Şanhaý şäherinden Gyrgyzstanyň Bişkek şäherine uçmaly ýük uçary Şanhaýyň aeroportyndan uçmakçy bolanda, ot alyp, heläkçilige uçrady.

Wakada uçaryň pilotlaryndan üçüsiniň ölendigi we ýene biriniň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Birleşen Ştatlaryň Hytaýdaky ilçihanasy bu wakada ölen pilotlardan hemmesiniň hem amerikaly pilotlardygyny tassyklady.

Bu heläkçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG