Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetdäki otly heläkçiliginde 30 adam öldi


Öten agşam Orsýetiň paýtagty Moskwadan Sankt-Peterburg şäherine barýan ýolagçy otlusynyň ýoldan çykyp, heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 30 töweregi adam ölüp, 100-den gowrak adam hem ýaralandy.

Orsýetiň Federal Derňew gullugy bu wakanyň yzy bilen geçirilen gyssagly derňewleriň netijesinde bu heläkçiligiň ýüz bermegine demirýoluň ugrunda amala aşyrylan bomba partlamasynyň sebäp bolandygynyň anyklanandygy habar berdi.

Şu gün Orsýetiň FSB gullugynyň başlygy Aleksandr Bortnikow prezident Medwedewe bu barada beren hasabatynda demirýoluň ugrunda 7 kilogram trotil güýji bolan bombanyň partlanandygyny aýtdy.

2007-nji ýylda Orsýetiň hut şol demirýol liniýasynyň ugrunda amala aşyrylan bomba partlamasy hem ýolagçy otlusynyň agdarylmagyna sebäp bolupdy. 30 töweregi adamyň ölümine getiren şol partlamada güman bildirilip, asly çeçenistanly iki adam tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG