Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýlyk haklary we pensiýalar ýokarlandyrylar


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow «Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet posobiýalaryny we studentleriň stipendiýalaryny ýokarlandyrmak baradaky» täze permana gol çekdi.

Bu gol çekilen permanda 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleriniň aýlyk haklarynyň, şeýle hem, uruş we zähmet weteranlarynyň pensiýalarynyň, döwlet posobiýalarynyň we studentleriň stipendiýalarynyň 10 prosent ýokarlandyrylmalydygy aýdylýar.

Bu permana laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalaryň we gurmalaryň işgärleriniň ortaça aýlyk haky 598 manatdan az bolmadyk möçberde kesgitlenilmeli, iň ýokary zähmet pensiýasynyň möçberi aýda 532 manat, uruş weteranlaryna berilýän pensiýanyň iň ýokary möçberi aýda 580 manat, uruş weteranlaryna berilýän pensiýanyň iň az möçberi aýda 435 manat, ähli beýleki pensiýalaryň we döwlet posobiýalarynyň iň az möçberi 121 manat bolar.

Pensiýalaryň bu täze moçberlerini göz öňünde tutup, häzirki perman Turkmenistandaky ortaça aýlyk hakynyň möçberini 678 manat diýip kesgitleýär.
XS
SM
MD
LG