Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Gurban baýramyny belleýär


Şu gün Türkmenistanyň ilaty musulmanlaryň esasy dini baýramçylyklaryndan biri bolan Gurban baýramyny belläp başlady.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň ilatyny bu baýramçylyk bilen gutlap, gutlag ýüzlenmesini ýaýratdy.

Gurban baýramçylygynyň bu günki belleniş aýratynlygy barada Türkmenistandaky habarçymyz Osman Hallyýew öz beren maglumatynda adamlaryň ir bilen topar-topar bolup metjitlere namaza barandyklaryny, ondan soňra Gurban baýramy mynasybetli gurnalan dabaralara gatnaşandyklaryny habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, Türkmenistanyň şäherlerinde, etrap merkezlerinde we oba ýerlerinde bu baýramçylyk mynasybetli hiňňildik uçmak, ýaglyga bökmek, konsert programmalary we sport ýaryşlary ýaly dürli tomaşalar gurnalypdyr.

Döwlet lideriniň permany bilen bu ýyl Türkmenistanda Gurban baýramçylygy 28-nji, 29- njy we 30-njy noýabr günleri bellenip geçiler.
XS
SM
MD
LG