Sepleriň elýeterliligi

29-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gysga sapar bilen Orsýete baryp, prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.

Moskwadaky duşuşykdan soň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Biziň aramyzda gowy söwda-ykdysady gatnaşyklar bar. Umuman aýdanymyzda, geçen ýylda özara hyzmatdaşlygymyzyň netijesinde 7 millard dollara barabar serişde alnan bolsa, şu ýylyň ilkinji 10 aýynyň netijesinde bu san 5,5 milliard dollara barabar boldy”.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sosial-gumanitar ugurlary barada hem belläp geçip, Türkmenistanda Orsýetiň günleriniň örän gowy geçendigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Medwedew hem maliýe krizisine garamazdan Türkmenistan bilen söwda dollanşygynyň ösendigini aýdyp, bu faktyň iki döwlete hem-de bu ýurtlaryň ilatyna bähbitlidigini belledi.

Dmitriý Medwedew Türkmenistan bilen hemme taraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini mälim etdi.

Prezident Medwedew Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Orsýetde öndürilýän awtoulog we beýleki tehnikalaryň söwdasyny hem-de energiýanyň söwdasy bilen bagly meseleleri göz öňünde tutýandygyny belledi.

Oktýabr aýynda Türkmenistana sapar eden rus prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Naryşkin, Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda amala aşyrylan söwda dolanşygynyň möçberiniň soňky bir ýarym ýylyň içinde 4 milliard dollara barabar bolandygyny aýdypdy.

Rus metbugatynda berlen maglumatlara görä, prezident Berdimuhamedowyň bu sapary prezident Dmitriý Medwedewiň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG