Sepleriň elýeterliligi

“Türkmen diliniň sözlügi” kitabynyň çap edilenine kyrk ýedi ýyl doldy. Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasynyň neşirýaty tarapyndan 1962-nji ýylda neşir edilen «Türkmen diliniň sözlügi» diňe bir jildiniň könelengligi üçin däl, eýsem ýalňyşlyklardan ýüküniň ýetikligi üçinem täzelenmäge degişlidir.

Türkmenistan SSR Ylymlar Akademiýasynyň Dil bilimi institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanan bu kitaby açyp okanyňda başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Ýok, biz kitaby çapa taýýarlan alymlary günälemek islämzok. Şol döwrüň alymlaryna salgylanmaga çeşmäniň bolmanlygyna gynanýarsyň. Orta Aziýa regionynda arap basyp alyşlarynyň, pars çozuşlarynyň bolanlygy taryh gatlarynda dur. Şeýle hem goňşy döwlet Eýran pars dilinde gepleýärkä, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Täjigistan pars dilinde gepleýärkä, ýene bir gapdalyňdaky Owganystanyň köp halky pars dilinde gepleýärkä seniň sözlük sostawyňa pars dili ornaşmazmy! Owganystandan çala aňry süýşseň, öňki asyrlaryň dowamynda pars dilini döwlet dili edinen Hindistan bar. Arap dili bolsa yslam dini bilen birlikde bütin regiona ýaýrady.

Bu zatlar regionda ýaşaýan ähli halkyň, şol sanda türkmenleriň-de söz baýlygyna arap-pars sözleriniň ornaşmagyna öz täsirini ýetirdi. Ýöne halky ýeke ýumrugyň içinde saklan Sowet Soýuzy türkmen alymlaryna arap-pars çeşmelerine salgylanmaga rugsat bermedi. Şeýlelikde biziň sözlüklerimize ters manyly sözler girizildi. Mysal üçin «Türkmen diliniň sözlüginde» «endişe» diýen sözüň diňe «gorky» diýen manysy berlipdir. Aslynda welin «endişe» diýen söz «pikir, oý» diýen düşünjäni berýär. Onuň wehim etmek manysy-da bar. Ýöne esasan bu söz «pikir, oý» manysynda ulanylýar. Munuň şeýledigini eýranly alym, merhum Aşyrpur Meredow tarapyndan çapa taýýarlanan «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi» atly kitapda hem agzalýar. «Endişe etmek» sözi pars dilindäki «endişidän» (ýagny pikir etmek) işliginden gelip çykan. «Seniň özüňde pikir-endişe ýokmy?» diýip, halk «endişe» sözüni dogry ulanýar, ýöne alymlar bu sözi sözlüge dogry salyp bilmändirler.

«Töwekgel» diýen sözi köp kişiler düşünmän ulanýarlar. Bilmeýän zadyňy bilmek üçin salgylanjak çeşmäň bolan «Türkmen diliniň sözlüginde» bu söz örän gülkünç düşündirilýär. «Näme bolsa, şol bolsun diýip, hereket edýän. Soňuna garamaýan kişi» diýlip, «Türkmen diliniň sözlüginde» «töwekgel» diýlen söze kesgitleme berilýär. Aslynda welin, «töwekgel» sözi ynam, ynanmak, umyt etmek, bil baglamakdyr. Özüňe ynamyň bolmak, ýa bir işe baş goşjak bolanyňda Hudaýdan ýetjek kömege ynanmak, ýa özüňe bil baglamak. «Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginde-de» «töwekgel» sözi «ynanmak, umyt etmek, bil baglamak» diýlip düşündirilýär.

«Öwlat» sözi arap sözi bolup, onuň manysy «nesil», «çaga» diýmekdir. «Biziň öwlatlarymyz» diýseň, «Biziň nesillerimiz» bolýar. Emma bu söz «Türkmen diliniň sözlüginde»: «Dini düşünjede «keramatly» hasap edilýän ruhanylaryň nesline berilýän at» diýlip, ters düşündirilýär.

«Türkmen diliniň sözlüginden» şeýle ýalňyşlyklaryň ýene-de ençemesini tapyp bolýar. Ýöne indiden beýläk ýalňyşlyklardan doly bu kitaby näme etmeli? Ony täzeden çap etmelimi ýa-da şol ýalňyşlyklary bilen ulanybermelimi? Sözlügi täzeden çap etmäge türkmenlerde mümkinçilik barmy?

Türkmenler, ine, Garaşsyzlygam aldy. Öz hak-hukuklaryna özleri eýe-de boldy. Ylmy gözlegler üçin Eýran çeşmelerine ýüzlenseler-de, arap çeşmelerine ýüzlenseler-de, indi olaryň öz elinde. Iň gowy zadam öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýapylan Ylymlar Akademiýasy-da açylyp, işe başlady.

Ýöne türkmenler şeýle köp zatlara ýetenem bolsalar, «Türkmen diliniň sözlügini» olar entek-entekler täzeden çap etmäge näme üçindir girişjegem bolanoklar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG