Sepleriň elýeterliligi

Braziliýada polisiýanyň eşigini geýen adamlar tussaglary goýberdi


Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde gündiziň günortany polisiýa eşigini geýen alty sany erkek kişi polisiýa edarasyna girip, tussag edilen 30 töweregi adamy azatlyga goýberipdir.

Ýerli häkimiýetleriň hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, näbelli adamlar iki garawuly ýaragsyzlandyryp, bäş kameranyň gulplaryny döwüpdirler, tussagda oturan 150 adamdan 28 sini azatlyga çykarypdyrlar. Olaryň üçüsi biraz soň tutulypdyr.
XS
SM
MD
LG