Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň harby-howa bazasynda polisiýanyň dört ofiseri atylypdyr


ABŞ-nyň Waşington ştatynda Takomdaky ABŞ-nyň harby-howa bazasynda polisiýanyň dört ofiseri atylypdyr, olaryň biri aýal.

Ýerli polisiýanyň wekili Ed Troýer: “Nobatçylyga girişmeziniň öň ýany kafeteriede polisiýanyň işgärleri ýanynda göterýän kompýuterlerine gümra bolup otyrkalar, näbelli adam olary oka tutdy” - diýipdir.

Troýeriň sözlerine görä polisiýa işgärleriniň jogap okuny atmaga ýetişip ýetişmäni näbelli bolup galýar.

Deslapky çaklama görä, hüjüm tötänden ýüze çykypdyr.

Heläk bolanlaryň atlary habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG