Sepleriň elýeterliligi

Heläkçilige uçran “Newskiý ekspress” otlusynda 6 adam at-dereksiz ýitdi


Anyklanan maglumata görä, heläkçilige uçran “Newskiý ekspress” otlusynda 6 adam at-dereksiz ýitdi- diýip, Orsyetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berdi.

Öň 12 adamyň ykbaly näbelli diýlip, habar berlipdi, heläk bolanlaryň sany 25 adam.

Düýn garyndaşlary 24 adamyň jesedini tanapdyr.

Otlynyň heläkçilige uçramagy boýunça derňew işleri dowam edýär. Esasy öňe sürülýän çaklama-terakt.

Orsyetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, güýji 7 kilogram trotil ekwiwalentine deň bolan, elde ýasalan partlaýjy madda ýarylypdyr.

Bu jenaýaty amala aşyranyň fotoroboty düzülipdir.
XS
SM
MD
LG