Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky duşuşyk detektiw häsiýetli boldy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) we türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Moskwada bolan duşuşyk mahalynda, 29-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) we türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Moskwada bolan duşuşyk mahalynda, 29-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Geçen hepdäniň soňky günleri köp sanly halkara synçylarynyň gözüniň alnynda syýasy detektiw ýaly bolup geçdi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýet tarapy bilen duşuşyklaryna degişli.

Resmi habar serişdeleriniň ýazyşy ýaly başda garaşylmadyk ýerden ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ors hökümetara komissiýasynyň egindeş başlygy Wiktor Zubkowyň baştutanlygynda Moskwadan wekilçilikli delegasiýa Aşgabada geldi. W.Zubkow Orsýet hökümetinde W.Putine iň ýakyn durýan adamlaryň biri bolup, ol Putiniň birinji orunbasary diýen wezipäni eýeleýär.

Bu saparda baryp aprel aýynyň başynda Merkezi-Aziýa-Sentr turbasynda bolan partlama sebäpli arasy kesilen türkmen gazyny akdyryp başlamak boýunça belli bir karara gelner – diýip, köp synçylar pikir ýöretdiler. Şol partlama ýagdaýyny döretmekde Türkmenistan Orsýet tarapyny aýyplapdy.

Gazy oktýabr aýynda akdyryp başlamaga söz berdiler. Ýöne taraplaryň arasynda bir bulaşyklyk döredi, emma onuň nämedigini äşgär etmediler. Soň noýabryň ahyrynda akyp başlajakdygyny aýtdylar. Synçylar W.Zubkowyň türkmen paýtagtyna saparyny gaz akdyryp başlmak bilen baglanyşdyrdylar.

Gaz barada dil ýarylmady

Köpçülikleýin habar serişdelerinde onuň türkmen prezidenti bilen gepleşikleriniň netijeleri peýda bolanda, hemme zadyň gürrüňi edilip, gaz barada dil ýarylmandygy belli boldy.

Şondan soň halkara metbugatynda gaz gepleşiklerinde nobatdaky oňşuksyzlyk döredi diýen ýaly dürli pikirler, garaýyşlar peýda bolup ugrady. Ýöne daşyndan seretseň, hemme zat gülala-güllük ýaly. Agrosenagat toplumynda özara üstünlikler barasynda taraplaryň ikisi-de öwgüli sözler aýtdylar.

Bu ýagdaý synçylary has pessimistik pikir ýöretmelere iterdi. Sebäbi Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky oba-hojalyk söwdasyny mundan öň energetik gatnaşyklaryň derejesiniň ýedi günlük golaýyna getirmek, deňeşdirmek asla mümkin däldi. Iki ýurt arasyndaky söwdada iň esasy tebigy gazyň söwdasydy.

W.Zubkow bilen duşuşykdan bir gün geçenden soň Orsýet ýolbaşçylarynyň teklibi bilen G.Berdimuhamedowyň Moskwa gitmekçidigi yglan edildi. Syýasy intriga has-da ýitileşdi. Metbugatda eýýäm türkmen tarapynyň bähbidine bolmadyk habarlar peýda bolup ugrady. Türkmenistan Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy bilen köp aýlar bäri agyr hem çylşyrymly gepleşikler geçirip gelýär. Orsýetiň gaz monopolisti gazyň akyp başlajakdygyny, ýöne öňküden birnäçe esse az aljakdygyny yglan etdi.

Orsýetiň “Nezawisimaýa gazetasy” Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan bu informasiýa tassyklama almaga synanyşdy, emma ol ýerde inkärem etmediler, tassyklamadylaram.

Türkmen turbasynda partlama bolan bada “Gazprom” kontrakta ýaňadan seretmek isleginiň bardygyny mälim etdi. Şu günki gün “Gazprom” 40 milliardyň ýerine 10,5 milliard kubometr gaz almakçy. Bahany-da ep-esli aşakladyp, öň her müň kubometr gaz üçin 375,5 dollar tölän bolsa, indi Aşgabada 222 dollar teklip edýär.

Ýene-de detektiw häsiýetli


Ine, musulmanlaryň mukaddes Gurban baýramynyň gyzgalaňly döwri Berdimuhamedow Moskwada peýda bolýar. Iki prezidentiň duşuşygy ýene-de detektiw häsiýete eýe bolýar. Ikisem dostluk barada, ösdürip bolýan zat bolsa, olaryň ählisiniň ösüşi barasynda gürrüň edýärler.

Medwedew Berdimuhamedowy baýram bilen gutlady. Berdimuhamedow Orsýet otlusynda bolan terrakt sebäpli gynanç bildirdi. Iki ýolbaşçynyň daşarky dünýä üçin berip bilen maglumaty şular boldy. Dünýä üçin berilmedik informasiýalar ýapyklygyna galdy.

Giňişleýin informasiýanyň ýoklugynyň fonunda Orsýetiň käbir habar serişdeleri detektiwe açyklyk girizmäge synanyşdylar. Mysal üçin, “Nezawisimaýa gazeta”: “Moskwada ýagdaýy doly öz peýdasyna çözmek Berdimuhamedowa eýgertmedi. Onuň ýerine gaz almagyň wagtyny uzaltmak başartdy. Düýn prezidentler türkmen gazyny 2028-nji ýyla çenli Orsýet Federasiýasyna akdyrmagy göz öňünde tutýan ylalaşyga gol goýdular” diýip ýazdy.

Şeýlelikde gaz akdyrmak barada gürrüň boldumy? Eger bolan bolsa, näme üçin onuň netijeleri barasynda dymýarlar? Eger bolmadyk bolsa, kim sebäpli gepleşikler başa barmady?

G.Berdimuhamedow ylalaşyga gidip, Orsýetiň şertleri bilen ylalaşmak kararyna geldimi ýa-da ol mundan beýläk Moskwanyň gysyşlaryna boýun bolmazmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG