Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýada minara gurmak gadagan


Şweýsariýada Türk medeniýet merkeziniň üstünde gurlan minara, aňyrsynda bolsa kilise bar, 20-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Şweýsariýada Türk medeniýet merkeziniň üstünde gurlan minara, aňyrsynda bolsa kilise bar, 20-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Ýaňy-ýakynda geçirilen referendumda şweýsarlar ýurtda täze minaralaryň gurulmagynyň gadagan edilmegini goldap, ses berdiler. Ses sanalyşygyň soňky netijelerine görä, 57%-den gowrak ilat teklibi goldapdyr.

Şweýsariýada 400.000 çemesi musulman ýaşaýar. Şweýsar hökümeti minara gurmagyň gadagan edilmegine garşy. Muňa garamazdan, hökümet halkyň sesine hormat goýýandygyny aýtdy.

«Aglaba şweýsarlar we kantonlaryň ýaşaýjylary minaralarň gurulmagyna garşy çagyryş edip, referendumyň geçirilmegini teklip etdiler. Federal geňeş bolsa, bu karara hormat goýdy» diýip, hökümetiň beýannamasynda aýdylýar.

Şweýsariýanyň sagçy halk partiýasy hödürledi

Minaralar bilen bagly jedelli teklibi Şweýsariýanyň sagçy halk partiýasy hödürledi. Bu partiýa minaralaryň köpelmegi ýurtda syýasylaşan yslamyň hem-de dini güýçleriň artýandygynyň simwoly, bu bolsa şweýsariýany yslam ýurduna öwrüp biler diýen pikiri öňe sürüp geldi.

Bazar güni geçirilen referendumyň öň ýany şweýsar höhümeti adamlary täze minaralaryň gurulmagyna garşy hödürlenen teklibe ses bermezlige çagyrdy. Hökümet beýle teklip din azatlyklaryny hem-de adam hukuklaryny bozýar diýip, çykyş etdi. Beýle hereket radikal yslamçylara meçew berip, Şweýsariýanyň at-abraýyna zeper ýetirip biler diýip, hökümet resmileri bellediler.

Minaralara garşy kampaniýa alyp baranlar Şweýsariýanyň konstitusiýasyna üýtgedip, oňa minaralaryň gurulmagyny gadagan edýän madda girizmek arkaly syýsy yslamçylygyň togtadylmagyny talap etdiler.

Şweýsariýanyň halk partiýasyndan sagçy syýsatçysy Ulrich Scluer “Swiss inform” websaýtyna beren maglumatynda: «Minaralar güýje ymtylýan syýasy dini tendensiýalary simwolizirleýär – diýdi. “Biz yslamy däl onuň syýasylaşmagynyň simwoly bolan minaralary gadagan etdik, minaralaryň dine dahyly bolman, ol yslamyň syýsasy ýeňşiniň simwoly. Türkler Konstantinopuly alanlaryndan soň, ilkinji gezek iň meşhur buthanalaryň biriniň depesinde minara gurdular».

Bu girizilen gadagançylyk din azatlyklary boýunça boýun alnan borçlary bozup biler diýip, halkara günä geçiş guramasy Amnesty International Şweýsariýa duýduryş berdi.

Beýleki toparlaryň pozisiýalary

German dilinde gepleýän Luserne kantony bu gadagançylygy kabul etdi, ýöne fransuzça gepleýän Jenewa we Waud kantonlarynyň gadagançylyga garşy ses berendikleri aýdylýar.

“Rueters” habar agentliginiň žurnalisti bilen söhbetdeşlikde ses bermäge gatnaşan biri gadaganşylyga berk garşydygyny mälim etdi: «Men bu inisatiwa serpemeden gaýdan ýaly boldum, muňa jogap bermek bilen men öz pozisiýamy beýan edýärin, men muňa garşy, meniň pikirimçe, bu çydamsyzlyk».

Gollandiýanyň we Daniýanyň sagçy partiýalary we toparlary-da öz döwletlerinde minaralaryň gadagan edilmegi hakynda referendumyň geçirilmegini isleýändiklarini mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigine ýolbaçylyk edýän Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt Şweýsariýanyň bu kararyny tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG