Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nemesler Türkmenistanda näme gözleýär?


Germaniýanyň iri energiýa şirketi RWE kompaniýasyna bagly bolan „RWE Dea“ şirketi golaýda Aşgabatda öz býurosyny açdy.

Bu şirketiň baş menejeri we Türkmenistan bölüminiň jogapkär başlygy Heiko Operman Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda bu habary tassyklady. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň RWE şirketi bilen ylalaşygy türkmenleri Orsýete baglylykdan halas eder diýip, käbir eksperteler tasdyklaýarlar. Ýöne türkmen gazy hem Ýewropany Orsýete bagly bolmakdan halas eder diýýärler. Siziň pikiriňizçe, türkmen gazy Germaniýa ýa-da Ýewropa döwletlerine näderejede peýdaly bolar?

Heiko Operman

Heiko Operman:
Biziň şirketimiz Türkmenistanyň Hazar deňzindäki eýeleýän 23-nji blogunda iş alyp barýar.

Biz 23-nji blogda gaz ýataklaryny tapyp, gaz öndürmegi maksat edinýäris. 23-nji Blok 940 kwadrat kilometr ýeri öz içine alýar.

Türkmen gazy Germanýa we Ýewropa üçin örän uly ähmiýete eýe. Türkmen häkimiýetleriniň bize ynam edip, bu blokdaky gazy tapmagy bize tabşyrandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris we begenýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz öz metbugat bildirişiňizde diňe 23-nji blokdaky işleriňiz barada maglumat beripsiňiz. Siziň Türkmenistanda başga nähili planlaryňyz bar?

Heiko Operman: Biziň başga meselelerde-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek maksadymyz bar we biz muny isleýäris, ýöne entek bizde bu ugurda belli bir plan ýok.

„RWE Dea“ birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin gepleşik geçirdi. Şu wagta çenli Hazar deňzinde gaz tapmak hem-de öndürmek boýunça alada etdi. Türkmenistan bilen ahyrsoňy bu ugurda ylalaşyga gol çekdi. Biz indi birinji gezek 23-nji blokda gaz tapmaga we öndürmäge rugsat aldyk. Biz indi bu plany ýerine ýetirýäris.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňzi ýapyk deňiz we soňky döwürde Hazarda suwda ýaşaýan dürli jandarlar heläk boldular. Siziň şirketiňiziň bu etrapda tebigaty goramak boýunça nähili planlary bar?

Heiko Operman: RWE şirketi Türkmenistanyň Hazardaky tebigaty goraýan ýerinde iş alyp barýar. Tebigaty goramak biz üçin, Günbatar döwletlerinde bolsun ýa-da beýleki ýurtlarda bolsun, tapawudy ýok, Ýewropadaky standartlar esasynda iş alyp barýarys. Başda biz bu ýerde seýsmiki howpuň ähtimallygy boýunça barlag işlerini amala aşyrýarys. Soňra gaz tapmak boýunça öz modern tehnologiýamyz bilen işleri dowam etdireris.

Biziň şirketimiz 20 ýyldan gowrak deňizde tebigat bilen deň agramlylykda gaz öndürmekde tejribe gazanyp gelýär. Bu ugurda biz Germaniýanyň Elba derýasynda hem ýyllar boýy dürli işleri alyp barýarys. Bu ýerler BMG-niň Ýunesko edarasynyň hem goragy astynda durýar. Biziň Türkmenistandaky işlermiz hem Ýewropanyň standartyna deň gelýär.

Azatlyk Radiosy: RWE şirketi Hazardaky gazy haýsy ýol bilen Germaniýa ýa-da Ýewropa akdyrmak isleýär?

Heiko Operman: Ilki bilen gaz gözlemek, soňra bolsa ony öndürmek RWE şirketiniň borjy. Biziň şirketimiz entek gaz gözleýär we gazyň transport edilimegi barada gürrüň etmek entek bize birneme ir we bu mesele biziň indiki planymyz. Biz bu ugurda dürli mümkinçilikleri agtarýarys, ýöne häzir entek bu ugurda belli bir zat aýdyp bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: NABUKKO turba geçirijisiniň eýeleriniň biri – siziň şirketiňiz RWE. Siz bu gazy NABUKKO arkaly akdyrmak islemeýärsiňizmi?

Heiko Operman: Her zatdan ozal bu gaz tapylmaly. Soňra öndürilmeli. Iň soňunda akdyrylmaly. NABUKKO arkaly türkmen gazynyň akdyrlmagy üçin welin, başda bu mümkinçilik döremeli. Ýöne biz entek bu ugurda belli bir zady aýdyp bilmeýäris.

Azatlyk Radiosy: Rus Mediasy Türkmenistanda Ýewropa akdyrmak üçin ýeterlik gaz ýok diýýär. Siz bu berilýän maglumatlary tassyklaýarsyňyzmy?

Heiko Operman: Biziň iş alyp barýan 23-nji blogumyzda mundan owal hem käbir barlag işleri alnyp barlypdyr. Biz bu blokda gaz taparys diýip, umyt edýäris we hyzmatdaşlyga optimistik garaýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenistanda ýene nähili planlaryňyz bar we türkmen tarapy siziň işleriňize nähili baha berýär?

Heiko Operman: Biz başda öz ösen tehnologiýamyz bilen gaz rezerwleriniň bardygny subut etmeli. Türkmen tarapybiz bilen professional hyzmatdaşlyk edýär we biziň işlerimize gowy baha berýär. RWE şirketi hyzmatdaşlyklar mundan beýläk hem öser diýp umyt edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG