Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karadiç Halkara harby tribunalynyň özüne garşy sud etmage hakynyň ýokdugyny aýdýar


Serb milletinden bolan Bosniýanyň ozalky lideri Radowan Karadiç özüne sud edýän Halkara harby tribunalynyň özüne garşy sud etmek üçin kanuny esasynyň ýokdugyny aýdyp, çykyş etdi.

Bu barada ýazan sekiz sahypalyk beýanatynda Radowan Karadiç 1993-nji ýylda Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ozalky Ýugoslaw urşy boýunça Halkara harby tribunalyny döredende, onuň öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykandygyny öňe sürýär.

Jenap Karadiç 1990-njy ýyllaryň Ýugoslaw urşunda Bosniýada uruş jenaýatçylygyny, genosid hem-de adamzada garşy jenaýatçylyklary amala aşyranlykda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG