Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde demirýoluň ugrunda partlama amala aşyryldy


Şu gün irden Orsýetiň Dagystan respublikasynda demirýoluň ugrunda partlama amala aşyryldy.

Ýerli milisiýanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, bu partlama bu demirýoldan Týumen-Baku aralygyna gatnaýan ýolagçy otlusynyň barýan wagty amala aşyrylypdyr.

Ýerli resmiler partlamada demirýola belli bir zeper ýetendigine garamazdan, ýolagçy otlusynyň ol ýerden heläkçilige uçraman geçendigini mälim etdiler.

Geçen hepdäniň anna güni Moskwadan Sankt-Peterburga barýan ýolagçy otlusy şuňa meňzeş partlamanyň netijesinde heläkçilige uçranda, 26 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG