Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky jynsy zorluklara üns çekildi


Şu gün BMG-niň ýörite wekili Owganystandaky jynsy zorluklar bilen baglanyşykly giň ýaýran problemalara halkara guramalaryň hasabatlarynda ýeterlik üns berilmeýändigini aýtdy.

Bu barada şu gün BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Owganystandaky ýörite wekili Norah Niland öz çykyşynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, ýakynda Owganystanyň dürli regionlarynda ýola goýlan barlaglar jynsy zorluklaryň jemgyýetiň ähli gatlaklarynda we sosial toparlarynda duş gelýän çynlakaý problemadygyny görkezipdir.

Hanym Niland Owganystanda köplenç jynsy zorluklaryň pidasy bolýan adamlaryň özleriniň bikanun jynsy gatnaşyklarda aýyplanýandyklaryny we jenaýat jogapkärçiliklerine çekilýändiklerini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol jynsy zorluklary amala aşyrýan adamlary jezalandyrmak barada welin ýurduň Jenaýat kodeksinde anyk maddalaryň ýokdugyny belleýär.
XS
SM
MD
LG