Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AIDS bilen kesellänlere geň çäre


Ýakynda bir iş bilen tanyş lukmanlarymyň ýanyna barmaly boldum. Lukmanlaryň otagynyň gapysyny açanymdan, tanşym maňa baş atdy-da, biraz garaşmagymy üm bilen düşündirdi.

Men uzaga gitmän, koridoryň ugrunda goýlan oturgyçlaryň birinde çökdüm. Tanşym welin otagyndan bir çykýardy, bir girýärdi. Bir zenan maşgala bilen eli çagaly erkek kişi bolsa ol nirä gitse, şonuň yzyndadylar. Tanyş lukmanymyň yzyna düşüp ýören kişileriň daş keşbinden gaýry ýurduň adamlarydygyny aňsa bolýardy.

Tanşym esli wagt olar bilen başagaý bolansoň, ahyry meniň ýanyma geldi. Özüni garaşdyrany üçin menden ötünç sorady.

—Ýaňkylar türkler. Zenandan WIÇ tapyldy.

—AIDS-mi?—diýip, men haýran galyp soradym.

—Ýok. Entek AIDS däl. WIÇ. Soňy bilen ol AIDS-e öwrüler.

Tanyş lukmanym türk zenanyň adamsynyň bärde işleýändigini, aýalynyň bolsa ýakynda Aşgabada onuň yzyndan gelendigini, tötänden bolsa onuň ganyndan WIÇ tapylandygyny maňa düşündirdi. Zenanyň adamsynda hem-de iki ýaşly oguljygynda bolsa WIÇ-iň tapylmandygyny aýtdy.

Meniň tanşym AIDS-e garşy göreşmek gullugunda işleýärdi. Men, dogrusy, şol güne çenli biziň ýurdumyzda şeýle kesele gabat gelinýändir öýdübem pikir etmändim. Emma şol günki waka maňa gaty täsir etdi. Tanyş lukmanymdan AIDS bilen keselleýänler hakda has-da gyzyklanyp soradym.

Ol Türkmenistana gelýän daşary ýurtlardan WIÇ infeksiýaly hassalaryň ýygy-ýygydan ýüze çykyp durýandygyny aýtdy. WIÇ tapylan daşary ýurtlar dessine ýurtdan deportasiýa edilýän eken.

Ýöne meni has-da geň galdyran zat, tanyş lukmanymyň pyşyrdap diýen ýaly beren gürrüňine görä, diňe paýtagtymyzda türkmen raýatlarynyň 50-den gowragy WIÇ bilen keselläp, bellige alnypdyr. Bu diňe paýtagtda. Şeýle sanlar beýleki welaýatlarda-da bar diýlip aýdylýandygyny ol maňa aýtdy.

Şu çaka çenli resmi ýagdaýda Türkmenistanda bary-ýogy iki sany kişide AIDS keseliniň anyklanadygy barada maglumat berilýär. Bu iki sany Türkmenistanyň raýatynyň biri Ukraina gidip gelende, beýlekisi bolsa Afrika ýurdunda saparda bolanda AIDS bilen keselläpdir. Üç ýyl mundan ozal bolsa AIDS bilen kesellänleriň biriniň aradan çykandygy barada habar berildi.

Resmi maglumatlara ynansaň, onda häzir Türkmenistanda bary-ýogy ýekeje AIDS bilen hassa bar. Emma, bu işe dahylly lukmanlaryň aýtmagyna görä, AIDS bilen kesellänleriň diňe Aşgabatda bellige alnanlaryň sany 50-den geçýär. Eger ýurduň welaýatlarynda-da şu sanlar bar bolsa, Türkmenistanda AIDS bilen kesellänleriň sany 300-e dagy golaýlaberýändiginden habar berýär.

Ýöne näme üçindir resmi häkimiýet bu barada hiç hili dil ýarmaýar. Ýurtda AIDS/WIÇ bilen kesellänler barada düýbünden anyk maglumat almak mümkinçiligi ýok.

Elbetde, Türkmenistanda AIDS/WIÇ bilen kesellänlere nähili ýardam edilýändigi, olaryň nähili bejergi alýandyklary hemmeleri gyzyklandyrýandyr. Şeýle sowal menem erkime goýmady. Men bu sowaly tanyş lukmanyma berdim. Onuň jogaplary meni has-da haýrana goýdy.

AIDS/WIÇ bar diýlip anyklanan hassalar doly ýagdaýda izolirlenilýär. Olara hossarlarynyň ýanyna barmak, jemgyýete goşulmak gadagan edilýär. Hassahanada berk gözegçilik astynda saklanylýar.

Tanyş lukmanym maňa AIDS/WIÇ bilen kesellänleriň şeýle ýagdaýda saklanylmagyny hut özüniň-ä goldaýandygyny aýdýar. Sebäbi olary erkinlige çykarsaň, ummasyz adamlary bu aýylganç keselleri bilen ýokaşdyryp çykjaklar.

Dogrusy, men tanyş lukmanymyň bu pikirleri bilen doly ylalaşmadym. Sebäbi ol adamlar jenaýatkär däl ahyry. Olar hassa. Olara kömek etmeli.

Meniň bu sözlerime tanşym: «Etjek alajyň ýok. Ýokardan görkezme şeýle» diýip, meseläni çöp döwen ýaly edip goýdy.

Bazar Hanmedow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
XS
SM
MD
LG