Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Eýranyň planlaryny tankyt etdi


ÝB we ABŞ Tähranyň ýene 10 sany urany baýlaşdyrýan zawod gurjakdygy baradaky yglanyny ýiti tankytlap çykyş etdiler.

ÝB-niň daşary syýasat edarasynynyň başlygy wezipesini terk edýän Hawýer Solana düýn: “Tähran nädogry karar kabul etdi” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-däky wekili Sýuzan Raýs öz gezeginde Eýran bellän planyny amala aşyrsa, ol Eýranyň halkara jemgyýetçiliginden mundan beýläk üzňeligine getirjekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG