Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki otly heläkçiliginiň pidalary jaýlanýar


Orsýetiň “Newskiý ekspress” otlusynyň betbagtçylyga uçramagy netijesinde heläk bolanlary şu gün jaýlap başlarlar.

Pidalaryň sany 26 adama ýetdi. Iki adamyň ykbaly näbelliligine galýar. Heläk bolanlaryň aglabasynyň Peterburgyň ýaşaýjylarydygy habar berilýär.

Heläk bolanlaryň maşgalalary bir million rubl gowrak kömek alar-diýip, düýn Orsýetiň hökümet başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Zubkow aýtdy.

“Newskiý ekspress” otlusy 27-nji noýabrda ýolundan sypypdy.

Derňew maglumatyna görä, betbagçylyga terroristik akt sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG