Sepleriň elýeterliligi

2000-nji ýylda RFE/RL-e hüjüm planlaşdyrylypdyr


Çehiýanyň kontrrazwedkasy 2000-nji ýylda Pragada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň baş binasyna hüjüme görlen taýýarlyk baradaky maglumatlary aýan etdi.

Terakta taýýarlyga Saddam Huseýniň režiminiň diplomatlarynyň gatnaşandygy habar berilýär.

Hüjümçiler radiostansiýanyň binasynyň garşysyndaky jaýdan RPG-7 granatamýotundan radiony oka tutmaly eken.

Çehiýanyň ýörite gulluklarynyň Pragada ýaýradan beýannamasynda, hüjüme görlen taýýarlyk baradaky informasiýanyň diňe häzir aýan edilmeginiň sebäbi görkezilmändir.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Yraga 1998-nji ýylda gepleşik berip başlapdy.
XS
SM
MD
LG