Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-ors hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklary näme?


Prezident Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň umuman syrly häsiýete eýe bolanlygyny synçylar belleýärler.

Prezident Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň umuman syrly häsiýete eýe bolanlygyny synçylar belleýärler.

29-nji noýabrda Moskwada bolan gepleşiklerde Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we orsýetli kärdeşi D.Medwedew ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna “peýdaly” diýip baha berdiler we özara haryt dolanyşygynyň dowamly ösýänligini bellediler.

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri ýurtlar arasyndaky haryt dolanyşygynyň mukdarynyň dowamly ösýänligini bellediler. Olaryň pikirine görä, şeýle ösüşden ybarat bu aýratynlyk umumy dünýä derejesindäki krizis we durgunlyk tendensiýalaryna ters gelýär hem türkmen-ors gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin mümkinçilikleriň saklanyp galýanlygyny anyk häsiýetlendirýär. Bu barada "Türkmenistan.ru" internet gazeti ýazdy.

Orsýet Türkmenistanyň esasy söwda ýaranlarynyň arasynda birinji orunda durýar, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 39% gowragy, ýagny eksportynyň 50,5%, importynyň bolsa 16% Orsýetiň paýyna düşdi. Geçen ýylda ýurtlaryň söwda dolanyşygy 7 milliard dollara ýeten bolsa, şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda 5,5 milliard dollara ýetdi diýip, Orsýet metbugatyna salgylanmak bilen TDH gullugy ýazdy. Emma G.Berdimuhamedowyň Moskwa sapary bilen baglylykda TDH gullugynyň özi resmi maglumatlary we sanlary çap etmedi.

Haryt dolanyşygynyň möçberi nämä bagly?

Türkmenistan bilen Orsýetiň özara haryt dolanyşygynyň esasy mukdaryny gaz söwdasy emele getirip gelýär. Şu ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisinde bolan awariýadan soň türkmen gazynyň “Gazprom” tarapyndan satyn alynmagy bes edilipdi.

Muňa garamazdan, haryt dolanyşygynyň şu ýylky derejesiniň geçen ýylkysyna golaýlamagy nämä bagly bolup biler?

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan, bu ýerde barlap bolmajak sanlar barada gürrüň gidýändigini aýdýar. “Adatça, haryt dolanyşygynyň diňe esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýurtlaryň haryt dolanyşygynyň häzirki mukdary, belli bir derejede Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň eksporty, Orsýetiň maşyn-gurluşyk önümleriniň eksporty we Türkmenistandaky iri gurluşyk proýektler arkaly üpjün edilýän bolmagy mümkin”.

Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow Aşgabat köpugurly gaz söwdasyny amala aşyryp, ýakyn wagtda Hytaýa we Eýrana gaz akdyrmaga taýýarlanýan hem bolsa, ýurduň girdeji çeşmesiniň esasy böleginiň Orsýet bilen gaz söwdasyna garaşly bolup durýanlygyny belledi. “Maý aýyndan başlap türkmen gazy Orsýete satylmaýar, ýurduň budjeti hem esasan gazdan jemlenýär. Indiki ýylda Hytaýa-da gaz satyp ugramaly, Eýrana-da has köp gaz satmak niýetleri bar, emma iş ugrukýança wagt gerek. Şonuň üçin gazyň bahasyny we mukdaryny näçe çalt gepleşip bilseler, şonça-da peýdaly”.

Syýasy taýdan ähmiýetli waka


"Türkmenistan.ru" internet saýtynda G.Berdimuhamedowyň Orsýet Federasiýasyna sapary uly syýasy ähmiýete eýe bolan waka diýlip atlandyryldy. Emma TDH gullugy halkara agentlikleriniň maglumatlaryndan bölekleri getirip, ýurt baştutanynyň sapary barada resmi maglumat bermedi.

Ýekşenbe güni Mokswada bolan gepleşiklerden öň Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde duşuşypdy. Emma gatnaşyklaryň häzirki depgininiň prezidentleriň özara garaýyşlaryny deňemäge zerurlyk döretdi diýip, "Türkmenistan.ru" internet gazetinde aýdylyşy ýaly, şu sapar taraplar üçin özara bähbitli meseleleriň arasyna ýangyç energetika, transport, bilim we medeniýet ugurlary boýunça bilelikdäki proýektler agzaldy.

Maglumatda şeýle-de “galstuksyz”, ýagny resmi bolmadyk formatda geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça pikir alyşmak üçin yzygiderli maslahatlary geçirmek barada iki döwlet baştutanlarynyň arasynda bar bolan ylalaşyklaryň çäginde geçirilenligi bellenildi.

Çäkli maglumat berildi

Prezident Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň umuman syrly häsiýete eýe bolanlygyny synçylar belleýärler. Bu sapar barada öňünden resmi maglumat hem berilmändi. Türkmenistanyň prezidentiniň Orsýetiň prezidentiniň çakylygy bilen 29-njy noýabrda Moskwa barjagy käbir garaşsyz internet saýtlarda hepdäniň anna güni habar berlipdi.

Analitik Artýom Ulunýan Moskwadaky gepleşikler barada maglumatlaryň çäklidigini taraplaryň özara ylalaşan bolmagynyň ahmaldygy bilen baglanyşdyrdy.

Soňky döwürde Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýan Türkmenistanyň Moskwa bilen alyp barýan gepleşikleriniň mazmunyny köpçülige ýetirmek islemeýänliginiň-de muňa sebäp bolup biljegini analitik çak etdi. “Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň Moskwa bilen gatnaşyklaryna seresaply çemeleşýänligini ünsden düşürmeli däl. Onuň Aşgabat bilen Moskwanyň ýakynlaşyp, Türkmenistanyň Orsýetiň täsiri astyna düşýänligi barada pikir döremegini islemeýän bolmagy ähtimal” diýip, analitik aýtdy.

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň prezidentiniň Moskwa bir günlük sapary energiýa proýektleriniň geljegi, Orsýetiň maşyn-gurluşyk önümleriniň Türkmenistan tarapyndan satyn alynmagy we Aşgabadyň Günbatar döwletleri bilen gatnaşyklaryna degişli planlary bilen bagly bolmagy mümkin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG