Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dubaýdaky ýagdaýlar bazarlary alada goýýar


«Dubai World» kompaniýasy çöllükde ýerleşýän bu kiçi döwletiň super baý ýurda öwrülmeginde uly jogapkärçilikli rol oýnady.

Ýöne geçen hepde bu kompaniýanyň milliardlarça dollar bergisini tölemäge karz berijilerden möhlet soramagy köpleri serpmeden gaýdan ýaly etdi. Kompaniýanyň jemi 59 milliard dollar bergisiniň bardygy çak edilýär.

Bu ýagdaý sebäpli dörän gaýgy-alada tizlik bilen uly maliýe toparlarynyň arasyna ýaýrady. «Dubaý World» kompaniýasynyň çökmek potensialy global möçberde ylaýta-da Aziýanyň maliýe sistemasyna täsirini ýetirjegi aýdylýar.

Gaýgy-aladanyň artmagyna sebäp bolan ýene bir mesele-de 30-njy noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümetiniň bu kompaniýanyň bergilerine jogapkär bolmajagyny yglan etmegi boldy. Bu bolsa özi bilen aladalaryň täze tolkunyny alyp geldi. Karz berijiler bu kompaniýanyň arkasynda hökümetiň durandygyny güman edipdiler.

Tendensiýalary köşeşdirmek üçin «Dubai World» bir beýannama ýaýratdy, şonda bar bolan bergilerden 26 milliard dollary tölemek hakynda karz berijiler bilen gepleşik alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň heniz kontrol astynda hereket edýändigini we döran ýagdaýdan çykalga tapyp biljekdigini görkezýär.

Ekspertler duýduryş berýär

Ýöne ekspertler duýduryş berýärler. Londondaky WTB kredit kompaniýasynyň global strategi Nill Mak Kinnon bu barada şeýle diýýär: «Maliýe bazarlary hökümetiň karz meseleleri bilen bagly yglan edilen bu karary zerarly alada bildirdi, şonuň ýaly-da bankyň sermaýasynyň hümmeti hem-de onuň artýan býujet defisitine we berginiň mukdaryna ýetirýän täsirine alada bildirilýär, ýa-da Dubaýda görşümiz ýaly, ol ýerde problema – bergileri tölemek ukybyna bagly bolup durýar».

Şonuň ýaly-da şu ýa-da geljek ýyl üçin kompaniýanyň bergileri aşa köp bolup, onuň 200 milliard dollar çemesi bolup biljekdigi aýdylýar.

«New Ýork Times» gazeti maýa goýmak meselesi bilen bagly Halkara Klaýmen toparyndan bilermen Gary Klaýmene salgylanyp, berginiň ýarpy çemesiniň Orsýetdäki we Birleşen Arap Emirliklerindäki kompaniýalara degişlidigini, olaryň bir bölegine Dubaýyň eýeçilik edýändigini, munuň-da öz gezeginde global möçberde täze maliýe kynçylyklaryna sebäp bolýandygyny ýazýar.

Mak Kinnon munuň diňe Dubaýa degişli däldigini aýdýar: «Munuň bilen bagly käbir Ýewropa döwletleri-de aladalanýarlar, Gresiýada eýýam problema bu ýurduň býujet defisitine getirýändigi görnüp başlady. Şeýle-de bu Irlandiýa, Ispaniýa, Beýik Britaniýa we beýleki karz pul meselesiniň erbet täsir galdyran ýurtlaryna oňaýsyz täsirini ýetirer».

Halkara bazarlar Dubaýdaky bu ýagdaýyň özlerine oňaýsyz täsir ýetirmeginden howatyr edýärler.
XS
SM
MD
LG