Sepleriň elýeterliligi

Saddam RFE/RL-ne hüjüm barada buýruk çykaran eken


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky öňki baş karargähi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky öňki baş karargähi.

Çeh resmileri Yragyň öňki ýolbaşçysy Saddam Huseýniň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş karargähine hüjüm barada bir buýruk çykaranlygyny, ýöne bu hüjümiň Çehiýanyň aňtaw gulluklary tarapyndan başa bardyrylmanlygyny aýdýarlar.

30-njy noýabrda çykarylan bir beýanatda ýurduň aňtaw gullugynyň sözçüsi Jan Subert agentleriň bu hüjüm baradaky plandan Yrak ilçihanasyndaky bir çeşme tarapyndan 2000-nji ýylyň güýzünde habarly edilendiklerini aýtdy.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlere gatnaşanlaryň biri bolan Muhammad Atta bilen Pragadaky Yrak ilçihanasynyň işgärleriniň duşuşandyklaryny çeh resmileri ozal hem aýdypdylar. Ýöne hüjümden soň metbugatyň ünsüni özüne çeken bu habar soňra nädogry bolup çykypdy.

Çehleriň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň garşysyna planlaşdyrylan hüjümi biz togtatdyk diýýäni barada Birleşen Ştatlar tarapyndan entek berlen beýanat ýok. Ýöne häzirki sorag çehleriň bu hüjüm barada şu wagta çenli näme üçin dymyp gelenligi.

Saddam Huseýn aladalanypdyr

Dhia’a Al Dabbas Yragyň Çeh respublikasyndanky häzirki ilçisi. Ol bu hüjüm planlaşdyrylan wagtlary oppozisiýanyň agzasydy. Al Dabbas radiogepleşikleriň Yraga edýän täsiriniň Saddam Huseýni aladalandyranlygyny aýdýar: “Öňki režimiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna hüjüm etmäge çynlakaý synanyşanlygy barada biziň elimizde tassyklanan maglumatlar bar. Bu hüjümi Yragyň Praga ilçihanasyndaky agentleri amala aşyrmalydy. Bu ýeri Yragyň gizlin gullugynyň bir möhüm karargähi bolup durýardy. Saddam Huseýn bu radio merkezine hüjüm etmäge synanyşýardy. Sebäbi ol radiogepleşikleriň Yragyň içki ýagdaýlaryna täsir etmeginden gorkýardy”.
Bu takyk maglumatlaryň erkin gelip durmagynyň öňüni almak üçin, käbirleriniň adam öldürmekden hem gaýtmajakdygyny görkezýär.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeff Gedminiň garaýşyça, bu iş awtoritar režimleriň garaşsyz media nähili duşmançylykly garaýandygyny görkezýär: “Bu biziň bir tebigy zat diýip hasap edýänimiz, ýagny ynamdar, takyk maglumatlaryň erkin gelip durmagynyň öňüni almak üçin, käbirleriniň adam öldürmekden hem gaýtmajakdygyny görkezýär”.

Al Dabbasyň aýtmagyna görä, 2003-nji ýylda Saddam Huseýniň režimi agdarylandan soň Yragyň Pragadaky ilçihanasyndan ençeme ýarag tapylyp, çeh häkimiýetlerine tabşyrylypdyr.

“Režim agdarylansoň, Yragyň Pragadaky ilçihanasyndan gaty köp ýarag tapylypdyr. Muny maňa bu wezipä gelenimde, çeh häkimiýetleri aýtdylar. Ol ýaraglary bu ýerde saklamakdan maksat – Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna hüjüm etmekdi” diýip, Al Dabbas tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG