Sepleriň elýeterliligi

Türkmen halky Gurban baýramyny elmydama uly dabara bilen belleýär. Sowet Soýuzynyň diýdimzor döwründe-de ol bu mukaddes baýramy bellemekden ýüz öwürmeýärdi. Mal öldürip, gurbanlygam ederdi, hiňňildigem uçardy.

Her ýyl bellenilip geçilýän Gurban baýramynda türkmenler mal soýup, tagam bişirip, goňşy-golamlaryna hödür edýär. Şol hödür edilýän tagam bolsa, köplenç ýagdaýda dograma bolýar.

Dograma türkmen halkynyň milli tagamydyr. Ol toý-baýram wagtynda hökman taýýarlanaýmaly naharlaryň bri hasaplanylýar. Esasan-da, Gurban baýramy döwründe tas hemmeler diýen ýaly, bu tagamy taýýarlaýarlar.

Ýöne soňky ýyllar Gurban baýramynda bu tagamy datmak hyllalla bolup başlady. Bu ýyl bolsa has-da beter. Men tanyş-bilişlerimiň gurbanlyklaryna baryp, üç günüň dowamynda bary-ýogy iki öýden dograma datdym. Haýsy öýe barsaň, ýa-ha çekdirme, ýa-da palaw atarylypdyr.

Bu ýagdaý diňe meň obamyň çäginde däl, eýsem, beýleki obalarda hem şeýle eken. Dogramany dört öýden diňe bir öý edipdir.

Milli tagam bolan dogramanyň deregine toý-baýramlarda beýleki tagamlaryň bişirilmegi, göräýmäge, ýöntemje bir mesele ýaly bolup görünýän bolmagy-da mümkin. Emma bu meseläniň aňyrsynda juda uly problemanyň—milletiň agzybirliginiň dargamagy ýaly meseläniň ýatandygy hakda köpler pikirem edýän däldir.

Köp zähmet talap edýän tagam


Dograma zähmeti köp talap edýän tagam. Has-da beteri, uly mähelläni sowmak üçin bişirilende. Bu tagamy taýýarlamak üçin ilki petir çörek bişirmeli. Uly dabara üçin petir çöregi bişirmäge azyndan bir halta uny hamyr edip ýugurmaly. Tamdyra ýapmaly. Tamdyrda bişen çöregi bolsa, owunjak edip, dogramaly. Bir çöregi dogramak üçin bolsa azyndan ýarym sagat wagt gerek bolýar.

Adatça, toý-tomgy edilende, dograma taýýarlanylanda, hökmany suratda goňşy-golamlar kömege gelýär. Goňşy-golamsyz uly dabaralary sowaýmak mümkin däl. Hut goňşularyň kömegi bilen, agzybirlikde, hamyr ýugrulýar, tamdyra nan ýapylýar, çörek dogralýar, dograma taýýarlanylýar.

Ýöne döwrüň üýtgemegi bilen, adamlaryň häsiýetleri-de düýpgöter üýtgedi. Adamlar biri-birine kömek etmekden gaçyp başladylar, ähte wepalylyk, berlen söze ygrarlylyk diýlen düşünjeler indi türkmen halky üçin ýat bolup başlady.

Hut şonuň üçinem soňky döwürler toý-tomgularda, dabaralarda hysyrdysy, zähmeti köp bolan dograma tagamynyň deregine adamlar, aňsatjak taýýar edilýän çekdirme, palaw ýaly naharlary taýýarlaýarlar. Şeýdip olar goňşularynyň hyzmatyna mätäç bolmajak bolýarlar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG