Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystana goşmaça goşun iberer


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Talybanyň hem Al-Kaýdanyň garşysyna söweşmek üçin goşmaça 30 müň amerikan harbysyny Owganystana ugratmak kararyna gelendigini yglan etdi.

Hepdäniň sişenbe güni agşam Nýu-Ýork ştatynda, West-Poýntedäki harby akademiýada eden çykyşynda, Obama koalisiýa boýunça soýuzdaşlaryny-da Owganystana goşmaça goşun ýollamaga çagyrdy.

Howpsuzlyk meselesini owgan güýçlerine tabşyrar ýaly ýagdaý dörese, täze strategiýa üstünlikli bolsa, amerikan goşunlarynyň Owganystandan 2011-nji ýylyň iýul aýyndan ýuwaş-ýuwaş çykyp başlajakdygyny aýtdy.

Obama çykyşynda Owganystandaky uruşda ýeňilişiň ýokdugyny, ýöne ýurtda ýagdaýyň çylşyrymlydygyny belledi. Şonuň üçin gysga wagtyň içinde Al-Kaýydanyň we Talybanyň söweşijilerini derbi-dagyn etmäge täze amerikan strategiýasynyň gönükdirilendigini nygtady.

Prezident Obama bu wezipäni çözmek üçin Päkistan bilen ysnaşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtady. Päkistan bilen serhet zonalarynda Talybanyň Al-Kaýydadan goldaw alýandygyny, bu işiň dowam edýändigini belledi.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Obamanyň bu çykyşy barada şeýle diýdi: "Owganystan biziň duldegşir gonşymyz. Şonuň üçin hem goňşyňda bolup gecýän zat ol edil seniň öýüňde-de täsir edýär. Kyýamat güni goňşudan diýilýäni hem şonuň üçin. Şonuň üçin biz owgan topragynda indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän uruş bir gün ir ýatsa owganlaryň özüçe begenjek. Obamanyn 30 müň goşmaça goşun ibermegini meniň özüm-hä iki elläp goldaýan. Gelsin, ýöne welin, gyrgyncylyk bolmasyn, gyrgyncylygyň öňüni almak üçin gelýän goşun bolsun".
XS
SM
MD
LG