Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH: Ýaşyldepe nebitli ýatagyndan iki millionynjy tonna nebit alyndy


Amyderýanyň sag kenaryndaky Ýaşyldepe nebitli ýatagyndan ol özleşdirilip başlanaly bäri iki millionynjy tonna nebit alyndy-diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýty ýazýar.

Gyzylgumuň aşagyndan ilkinji tonna nebit bäş ýyl mundan öň-2004-nji ýylyň noýabr aýynyň soňunda çykarylypdy. Şondan bäri Ýaşyldepäniň nebiti üznüksiz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna akyp dur. Şu maksat üçin Ýaşyldepäni Amyderýanyň sag kenaryndaky Pelwert terminaly bilen birleşdirýän uzynlygy 60 kilomatrlik turba çekildi. Şu nebitden alynýan önümleriň 90% gowragy eksport edilýär - diýip, internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG