Sepleriň elýeterliligi

Eýran halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikler geçirmekçi däl


Eýran mundan beýläk öz ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikler geçirmekçi däl- diýip, Eýranyn prezidenti Mahmut Ahmedinejat ýerli telewideniýä beren interwýusynda aýtdy.

Ol Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň geçen hepde urany baýlaşdyrmak boýunça täze zawodyny ýapmagy Tährandan talap edýän rezolýusiýasyny üzül-kesil ýazgardy.

Ahmedinejat dünýä döwletlerini, şol sanda Orsyeti rezolýusiýany goldandygy üçin-de ýazgardy.

Tähran dünýä jemgyýetçiliginiň teklibini ret edip, ýene täze 10 sany urany baýlaşdyrýan zawod gurjakdygyny yglan edenden soň, Eýranyň ýadro programmasynyň töwregindäki ýagdaý has-da ýitileşdi.

Eýranyň şeýle pozisiýasyna jogap hökmünde onuň garşysyna täze sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini Günbatar döwletleriň liderleri ençeme gezek aýtdylar.
XS
SM
MD
LG