Sepleriň elýeterliligi

Soçide geçiriljek gyşky olimpiýadanyň simwoly 2011-de referenduma goýlar


2014-nji ýylda Soçide geçiriljek gyşky olimpiýadanyň simwolyny saýlamak meselesi 2011-nji ýylda umumyorsýet referendumyna goýlar.

Dowam edýän halkara düzgünlerine laýyklykda emblema oýunlardan üç ýyl öň tassyklanmaly.

Olimpiýadanyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Dmitriý Çernyşenkonyň sözlerine görä, simwollary saýlamak geljek ýyldan başlanar.

Eýýäm guramaçylyk komitetine köp sanly teklipler gowşupdyr, olaryň arasynda lyža sürüp barýan delfin, garpamyk, ak aýy bar.

XS
SM
MD
LG