Sepleriň elýeterliligi

Ukrain prezidentiniň saýlawlary üçin 110 halkara synçysy hasaba alyndy


Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Ukrain prezidentiniň saýlawlary üçin 110 halkara synçysyny hasaba aldy.

Merkezi saýlaw komissiýanyň kararyna laýyklykda şol synçylar Gyrgyzystanyň wekili, “Adalatly saýlawlar ugrunda” atly halkara guramanyň synçylary, şeýle-de ÝHHG-den 76 wekil.


Ukrainada prezident saýlawlary 2010-njy ýylyň 17-nji ýanwaryna bellendi.

Döwlet baştutanynyň kürsüsine 18 kandidat dalaş eder. Olaryň arasynda häzirki prezident Wiktor Ýuşenko, premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko, oppozisiýa lideri Wiktor Ýanukowiç bar.
XS
SM
MD
LG