Sepleriň elýeterliligi

Obama: "Owganystan indi asuda ýaşamaly"


Prezident Obama sişenbe güni agşam Owganystana ýene 30 müň esger iberýändigini aýtdy. Ýöne ol amerikan güýçleriniň 2011-nji ýylyň tomsunda yzyna dolanmagy üçin bir çykyş strategiýasynyň-da bardygyny düşündirdi.

West Point harby akademiýasynda çykyş eden Obama özüniň bu işi Amerikanyň möhüm milli bähbidi üçin edýändigini nygtady: “Men bu karara aňsatlyk bilen gelemok. Bu karara gelmegimiň sebäbi howpsuzlygymyzyň Owganystandaky we Pakistandaky ýagdaýa bagly bolup duranlygy. Al-Kaýdanyň gazaply ekstremizminiň ojagy şol ýeri. 11-nji sentýabrda bize şol ýerden hüjüm edildi. Şu wagt hem täze hüjümler şol ýerden planlaşdyrylýar”.

“Waşington Al-Kaýdanyň ýolbaşçylaryny ýok etmek, Talybanyň Owganystanda häkimiýet başyna gelmeginiň öňüni almak üçin berk herekete geçmese, bu howp güýjär” diýip, Obama duýduryş berdi.

Amerikan Prezidenti ilki 1979-njy ýylda sowet goşunlarynyň çozup girmegi, 1980-nji ýyllarda ýurduň öz içindäki uruşlar, 1990-njy ýyllarda hem Al-Kaýdanyň ýurda aralaşmagy netijesinde owgan halkynyň onlarça ýyllap uruşdan başy dynmady. Olar indi asuda ýaşamaly diýip, Owganystan ilatyna şeýle ýüzlendi: “Biz siziň ýurduňyzy eýelemekçi däl. Biz Owgan hökümetiniň gazaply hereketleri bes edip, adam hukuklaryny hormatlaýan taliban söweşijilerine gapyny açmak baradaky tagallalaryny goldarys. Biziň islegimiz Owganystan bilen iki taraplaýyn sylag-hormata daýanýan hyzmatdaşlyk, ýurdy weýran edýänleri çetleşdirip, ony abadanlaşdyrýanlary güýçlendirmek, müdümi dostlugy ornatmak. Bu dostlukda Amerika siziň hojaýynyňyz däl-de, ýaranyňyz bolar”.

Prezident Obama Owganystany durnuklylaşdyrmakda Pakistanyň hem möhümdigini nygtady. Ol Birleşen Ştatlaryň Pakistan baradaky syýasatynyň “dar” definirlenendigini boýun alyp, ony üýtgetmegi wada etdi. Obama Birleşen Ştatlaryň gelejekde Pakistany hem ykdysady hem-de harby taýdan güýçli goldajakdyny aýtdy.

Ýaňy golaýda geçirilen bir pikir soralyşyk boýunça Obamanyň Owganystan baradaky syýasatyny amerikanlaryň diňe üçden biri oňlaýar. Ilatyň ýarysyndan gowragy ony oňlanok. Şol sebäpden prezident Obama öz çykyşynda halky agzybirlige çagyrdy.

Michael Rubin Amerikan Interpise Institutynda yslam dünýäsi boýunça alym. Ol Obamanyň Owganystana köpräk esger ibermegi gowy zat, ýöne amerikan güýçlerini ol ýerden basym çykarmak welin, adamy iňkise goýýar diýýär: “Prezident Obama Birleşen Ştatlar Owganystandan aňyrsy 2011-nji ýylda çykar diýdi. Onuň bu bir dogry zat diýip oýlanan bolmagy mümkin. Ýöne Birleşen Ştatlar çyksa, goňşy ýurtlar dörän boşlugy doldurmak üçin häzirden taýýarlyk görer. Bu hem Owganystana durnuklylyk getirmän, gaýta tersine bolar”.
XS
SM
MD
LG