Sepleriň elýeterliligi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda üsti 10 töweregi mekdep okuwçyly kiçi awtobus Garagum kanalyna gark boldy. Çagalar prezindet G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arçman kurortynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin barýardylar diýlip habar berilýär.

Aşgabatdan 100 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Arçman kurortyna barýan kiçi awtobusyň uçran heläkçiligi Gurban baýramynyň ilkinji güni boldy.

Arçmanda täze binanyň açylyş dabarasy şu ýyl Mekgä haç zyýaratyna derek hökümetiň ýurduň içinde guran içerki zyýarat çäreleriniň iň soňky nokady bolmalydy.

Heläkçilige uçran kiçi awtobusda öz mugallymy bilen barýan 10-a golaý çaga bolsa, adatdakysy ýaly, presidentiň gatnaşmagynda geçirilýän dabara gatnaşmak üçin barýardylar. Bu barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky korrespondenti habar berdi.

Çagaly awtobus 28-nji noýabrda gije sagat birde Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabyndan çykdy. Güýçli ýagşyň aşagynda barýan mikroawtobus birden köprüden gaçyp Garagum kanalynda gark boldy.

Habar berilmedi


Bu betbagytçylyk barada Türkmenistanyň milli habar beriş serişdelerinde wakanyň bolan güni, şeýle hem şondan soňky geçen günleriň dowamynda hiç hili maglumat berilmedi.

Milli habar beriş serişdelerinde berlen maglumatlaryň aglabasy ýurtda Gurban we Hasyl baýramlarynyň bellenişine bagyşlandy we “galkynyş eýýamynyň beýikligini” wasp etdi.

Synçylar ýol heläkçiligi bilen bagly betbagytçylyklaryň Türkmenistanda seýrek däldigini aýdýarlar. Aýratynam baýramçylyk günlerinde pajygaly wakalaryň has-da köp bolýanlygyny belleýärler.

Hususan-da, bu barada 28-nji noýabarda mikroawtobusyň gark bolmagy barada Azatlyk Radiosynyň saýtynda çap bolan maglumata okyjylar tarapyndan ýazylan kommentarileriň birinde aýdyldy. Emma diňleýjimiz bu wakanyň Aşgabada gatnaýan adaty ýolagçy ulaga degişli bolanlygyny ýazdy.

Olaryň aýry-aýry wakalar bolanlygy ýa-da arasynda haýsy-da bolsa bir arabaglanyşygyň bolanlygy nämälimligine galýar.

Ýol heläkçilikleri ýaly pajygaly wakalar barada ýerli habar beriş serişdeleri dil ýarman gelýärler, häkimiýetler-de şeýle wakalar barada hiç zat aýtmaýarlar.

Heläkçilikler barada näme sebäpden maglumat berilmeýär?

Ýurist Timur Misrihanowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň içinde pajygaly wakalar barada habar berilmeýänliginiň sebäbi ilaty gynandyrmazlyk maksatlary bilen düşündirilýär. Şeýle syýasat ýurtda S.Nyýazow döwründen bäri alnyp barylýar.
Häkimiýetler öz golastynda hiç hili betbagtçylyklaryň bolmaýanlygy barada pikir döretmek isleýärler.


Emma hakyky sebäpleriň syýasy hem-de sosial-ykdysady ugurlarda ýatanlygyny T.Misrihanow belledi: “Häkimiýetler öz golastynda hiç hili betbagtçylyklaryň bolmaýanlygy barada pikir döretmek isleýärler. Pajygaly wakalar bolsa öňem, häzirem ýygy-ýygydan bolup geçýär. Ikinjiden şeýle wakalar barada habar berilmegi dürli çäreleriň görülmegini talap edýär. Häkimiýetler bolsa ýollaryň bejerilmegi ýaly zerur çärelere pul sarp edenden ony Aşgabatda kaşaň binalary gurmaga sarp edenlerini has gowy görýärler”.

Ilat bolýan ýagdaýlary bilmäge hakly

Resmi maglumatlaryň ýetmezçilik etmegi adamlary ýurtda bolýan wakalar, şol sanda pajygaly hadysalar barada-da, il içindäki gürrüňler esasynda habarly bolmaga we berilýän resmi maglumatlardan özüçe netije çykarmaga mejbur edýär.

Heläkçilikli ýagdaýlar, şol sanda ýol heläkçiligi ähli ýurtlarda bolýar, şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak we sanyny kemeltmek bolsa döwletiň borjy bolup durýar. Bu ugurdan köpçülige doly maglumat berilmeginiň esasy zerurlyk bolup durýanlygyny bilermenler aýdýarlar.

Serhetsiz Reportýorlar guramasyndan Elsa Vidal şeýle diýýär: “Türkmen raýatlaryna heläkçilige uçran hossarlarynyň ykbaly barada hatda maglumat almak hem elýeterli däl. Şeýle wakalar barada maglumatyň berilmeýänligi alada döredýän uly problemadyr. Sebäbi adamlar ýurtda bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolmaga hakly we zerur bolan halatlarda olar çäre görmek we öz ýardamyny teklip etmek mümkinçiligine eýe bolmaly. Ähli ýerde pajygaly hadysalar barada ilata habar bermek adaty bir ýagdaýdyr, halkyň özüne ynanmagyny isleýän bolsalar türkmen häkimiýetleri hem ilata bu habarlary berip başlamalydygyna düşünmeli”.

Ýitgileriň öwezini kim dolmaly

Özleri ýa hossarlary pajygaly hadysalaryň pidasy bolan raýatlaryň günäkärleri jogapkärçilige çekmegi we maliýe kömegi ýaly öz hukuklaryny talap etmegi üçin düzgünleriň milli kanunlarda göz öňünde tutulmaýanlygyny Timur Misrihanow aýtdy: “Türkmenistanda ýol heläkçiliginden ejir çeken adamlaryň häkimiýetlere ýüz tutmagy üçin kanuny esas ýok. Ýüz tutmak islänler günäkäriň özüne, ýagny maşyn sürüjä ýüzlenmeli. Sürüji bolsa köplenç beýlekiler bilen birlikde heläk bolýar. Şeýlelikde ýurtda heläk bolanlara döwlet tarapyndan goldaw, şol sanda maliýe kömeginiň berilmegi Türkmenistanyň kanunlarynda göz
Kommunal gulluklarynyň günäsi subut edilse, raýatlar kompensasiýany talap etmäge hakly.
öňünde tutulmaýar”.

Şol bir wagtda-da ýurist Timur Misrihanowyň bellemegine görä, ýurduň Graždan kodeksinde bar bolan käbir maddalara görä, eger ýol heläkçiligi şäherde ýa ýaşaýyş nokadynda ýüze çyksa we ýoluň gazganaklygy ýaly kemçiliklerde şäherleriň kommunal gulluklarynyň günäsi subut edilse, raýatlar kompensasiýany talap etmäge hakly. Emma raýatlara ejir çekenligi we saglygyna zyýan ýetenligi üçin kompensasiýa berilmegi bilen bagly düzgüleriň Türkmenistanda şu çaka çenli bolmanlygyny Misrihanow aýtdy.

29-njy noýabrdaky maslahat

29-njy noýabrda Moskwa saparynyň öň ýanynda prezident Berdimuhamedow ýurduň kanuny goraýjy we harby ýolbaşçylary bilen Aşgabadyň howa meýdanynda gysgaça maslahat geçirdi.

Ýolbaşçylar öz edaralarynyň işi we baýramçylyk günlerinde asudalygy saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler, edaralaryň sazlaşykly işlemeginiň we gözegçiligiň üpjün edilmeginiň ähmiýeti öz nobatynda prezident tarapyndan hem nygtaldy.

Şol maslahatda adam pidalaryna getirýän pajygaly ýol heläkçilikleri hakda gürrüňiň gozgalyp-gozgalmanlygy ýene-de mälim bolman galdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG