Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň aglaba liderleriniň internet sahyplary bar. Meselem, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ilat bilen wideo arkaly hem gatnaşyk saklaýar.

Türkmenistanyň goňşusy Eýranyň Prezidenti Ahmadinejadyň internet sahypasy dünýäde iň köp okalýan sahypalaryň biri diýilýär.Ýeri gelende aýtsak, türkmen prezidentiniň internet sahypasy entek asla açylanok.

Internet arkaly syýasy liderleriň gatnaşyklary biziň häzirki internet döwrümizde kadaly bir zada öwurldi. Golaýda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hatda kubaly ýaşlar bilen hem internet arkaly gatnaşyk açdy. Ol Kubaly webblogçynyň iberen hatyna we onyň Waşington bilen Gawananyň arasyndaky problemalar baradaky soragyna jogap beripdir. Obama öz jogabynda biz Kuba bilen göni diplomatik gatnaşyk açmak isleýäris. Biz Kuba bilen gatnaşyklary gowulandyrmak isleýäris we häzir bolsa kubalylaryň inisiatiwasyna garaşýarys diýipdir.

Webblogçynyň sahypasynyň ady "Generation Way" we ol Kubadaky ýagdaýlar barada köp ýazýar. Ýeri gelende aýtsak, bu webblogçy Kubanyň prezidenti Raul Kastro hem hat iberipdir, emma ol hatyna entek jogap almandyr. Jogaba derek Kubada 34 ýaşly Sançez tussag edildi we horlandy diýlip, habar berlýär.

Türkmenistanda AIDS-e garşy nähili çäreler görülýär?

Maglumatlara görä, Türkmenistanda AIDS-iň garşysyna wagyz işleri esasan hökumetiň we halkara guramalaryň inisiatiwasy bilen geçirilýär. Poliklinikalarda dürli guramalaryň çap eden AIDS baradaky plakatlary asylgy. Emma mekdeplerde AIDS barada düşündiriş işleri az alnyp barylýar.
Okuwçylar AIDS-e ýoluganlara mergi kesellilere garan ýaly garaýarlar. Olaryň köpüsinde "AIDS bilen kesellänler bilen hiç hili gatnaşykda bolmaly däl" diýen düşünje bar.

Türkmenistanly bir lukmanyň habarçymyza beren gürüňine görä, ýurtda 300-e golaý adam AIDS-e ýolugan. Onuň pikiriçe, Türkmenistana AIDS daşary ýurtlylardan gelipdir. Daşary ýurda okamaga gidýänler hem AIDS barlagyndan geçýärler diýilýär. Türmede oturanlaryň käbiri türmede AIDS bilen kesellänler üçin ýörite kamera bar diýýärler. Olar tussaglaryň arasynda hem AIDS-e ýoluganlaryň bardygyny aýdýarlar.

Goşun gullygyna çagyryşda mesele barmy?

Türkmenistan garaşsyz bolaly bäri türkmen ýaşlary ýurduň öz içinde gulluk edip başladylar. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ýurduň ýaşlary öz doglan etraplarynda ýa-da welaýatlarynda gulluk etdiler. Harby gullugyň komandirleri esgerlerden pul alyp, olary häli-şindi öýlerine hem göýberýärdiler. Bu ýagdaýlar köp dowam etdi.

Soňky ýyllarda bolsa, oglanlaryň öz doglan welaýatynda däl-de, ýurduň başga welaýatynda gulluk borjuny berjaý etmelidigi barada düzgün girzilidi diýip, habar berildi. Soýuz döwründe ene-atalar kasam kabul edişlige çagyrlmaýardylar. Häzir bolsa goşun gullugyna kabul edilenleriň kasam kabul edişligine ene-atalar harby bölümler tarapyndan ýörite çagyrlýar.

Şu temalar boýunça taýýarlanan “Ýaşlar” gepleşgini diňlemek isleseňiz, sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG