Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 3934 tussagyň günäsi geçildi


Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli 3934 tussagyň günäsini geçmek baradaky permana prezidentiň gol goýanlygyny, Türkmenistan Altyn Asyr internet sahypasy habar berdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, mundan ozal Türkmenistanda iň soňky gezek gadyr gijesi bilen bagly şeýle çäre yglan edilipdi. Şonda 1284 tussagyň azatlyga goýberilenligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG