Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Türkmenistana sapar eder


ITAR-Tass habar agentliginiň Orsýetiň ýokary derejeli ýolbaşçysyna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew 20-njy dekabadan soňra Türkmenistana barar.

Bu sapar barada taýýarlyklar dowam edýär. Medwedew Aşgabatda rus mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana barar diýip, ýokary derejeli orsýetli wekil Sergeý Prihodko maglumat berdi.

Bu Medwedewiň soňky bir näçe aýyň dowamynda Türkmenistana etjek ikinji sapary bolar. Ol 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenbaşyda geçirilen awt-ralli çäresine tomaşa etmäge-de barypdy.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow hem 29-njy noýabrda Orsýetde boldy.
XS
SM
MD
LG